AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #29

5
Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý (sagda) we Igor Strelkow (çepde), gündogar Ukrainada harby konflikte gatnaşan ozalky orsýetçi separatist söweşiji, Moskwada žurnalist Mihail Zygaryň (ortada) alyp barýan çekişmesine gatnaşýar. 20-nji iýul.

6
Praga, Wltawa derýasy, erkek adam "zorb" diýlip atlandyrylýan ägirt uly pökgide "zorblamaga" barýar. (epa/Martin Divisek)

7
Bombeý, oglanlar agyr ýagan ýagyşdan soň Powaý kölüniň gapdalynda üstünden suw agýan bendiň aşagynda oýanaýarlar. Hindistan, 20-nji iýul.

8
Russiýa, Žukowskiý şäheri, Birleşen Arap Emirlikleriniň howa güýçleriniň Al Fursan aerobatikler komandasynyň agzasynyň howa maşklaryny synlaýan adam. (epa/Sergei Ilnitsky)