AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri # 3

1
Gar-syrgynda ýylanmak üçin ýanaşyk duran atlar. Anspach, Frankfurtyň golaýynda, Germaniýa. (AP/Michael Probst)

2
Rus prezidenti Wladimir Putin Ikinji Jahan urşy mahalynda Leningrad gabawynyň böwsülişine bagyşlanan muzeýiň eksponatlaryny synlaýar. Kirowsk. (Alexei Druzhinin/Kremlin via Reuters)

3
Prowaslawlaryň çokunma baýramynda Danup derýasynda buzly suwa düşýän serb prowaslawlary. Ynaja görä, bu baýramda buzly suwa düşmek saglygy we ruhy berkidýär. Belgrad. (epaA-EFE/Andrej Cukic)

4
Budapeştde hökümete garşy ýygnanyşyk geçirýän studentler. (Reuters/Bernadett Szabo)