AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #36

1
Haiti, Kap-Haitien köçesinde naharlanyp oturyşyna Irma tupanynyň getirien ýagyş-ýagmyryndan goranýan aýal. 7-nji sentýabr. (Reuters/Andres Martinez Casares)

2
Gyrgyzystanly migrant işçi Orsýetiň Krasnoýarsk regionynda hususy ekin meýdanyndan kartofel hasylyny ýygnaýar. (Reuters/Ilya Naymushin )

3
Pakistanly oglanlar Halkara sowatlylyk gününiň öň ýanynda mekdepde sapak geçýärler. Peşawar. Halkara sowatlylyk güni her ýyl 8-nji sentýabrda bellenýär. (epa/Arshad Arbab)

4
Rakkadaky "Yslam döwleti" jeňçi toparyndan gaçan siriýaly çaga Tabka şäherinde taşlanan jaýda, ene-atasynyň pena tapan ýerinde oýnaýar. (AFP/Delil Souleiman)