Ý/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat görmek üçin "Picture This archive" arhiwimize gel.
Region görnüşleri # 40

1
Pop Fransis Tbiliside, Katolik ybadathanasynda Çaldean jemagaty bilen duşuşyp, parahatçylyk simwoly bolan kepderini samana uçurdy. (AFP/Vincenzo Pinto)

2
Adamlar Tbiliside 30-njy sentýabrda pop Fransisiň Gürjüstana we Azerbeýjana edýän saparyna garşy protest bildirdiler. Gürjüstanda prawoslap hristianlar agdyklyk edýär, emma bu ýurduň, Watikanyň hasaplamalaryna görä, 2,5 prosent katolik azlygy hem bar. (Reuters/Alessandro Bianchi)

3
Indira Sinanowiç, nikap geýip, ýerli saýlawlara gatnaşan ilkinji bosniýa zenany, Zawidowiçide wagyz materiallaryny paýlaşýar. (Reuters/Dado Ruvic)

4
Serbiýanyň Horgos şäheriniň golaýynda, Serbiýa bilen Wengriýanyň arasyndaky serhede golaý ýerde gurlan bosgun lageri, tikenli sime serlen eşikler. (AFP/Andrej Isakovic)