AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionynda düşürilen täsin suratlar. Has kän sergi görmek isleseňiz, "Picture This" arhiwine geliň.
Region görnüşleri # 45
1
Paradise, Kaliforniýa, asmany gaplan tüssäniň aşagynda galan jaýlar. Kaliforniýanyň taryhyndaky iň gazaply ýangyn netijesinde şäheriň içinde we töwereginde dokuz adam öli tapyldy, 6700-den gowrak jaý we kärhana weýran boldy. (AFP/Josh Edelson)
2
Hindistan, Haýdarabat. Banan ýapraklarynyň bazarynda mobil telefonlaryna seredip oturan täjirler. Adamlar Diwali baýramy (Hindistanyň ýagtylyklar festiwaly) mahalynda jaýlarynyň we kärhanalarynyň girelgelerini banan ýaplraklary bilen bezeýärler. (AFP/Noah Seelam)
3
Toronto tarapa ugran "Fly Jamaica" uçarynyň Jorjtowndaky Çeddi Jagan halkara aeroportunda heläkçilikli gonuş pursaty. Guýana, 9-njy noýabr. (AFP/Denis Chabrol)
4
Günorta Gaza zolagynda, Ysraýyl bilen Han Ýunusyň araçäginde bolan çaknyşyk mahalynda gaçýan palestinalylar. 9-njy noýabr. (AFP/Said Khatib)