AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri # 6

1
Merkezi Kiýew. Gar örten uly plakatyň ýanyndan geçip barýan adam. (AP/Efrem Lukatsky)

2
Gazagystanly Dmitriý Reikherd Piýonçaňda, 2018-nji ýylyň Gyşky olimiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda ägirtleriň erkin stilinde ýaryşa gatnaşýar. 9-njy fewral. (TASS/Sergei Bobylev)

3
Polisiýa (ýaşyl lybasly) 2018-nji ýylyň Gyşky olimiýa oýunlarynyň öňünden Phenýana garşy guralan protest mahalynda demonstrasiýaçylaryň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň portretini otlamagynyň öňüni alýar. 9-njy fewral. (Reuters/Edgar Su)

4
Palestin jübüdi Gaza zolagy bilen Müsüriň arasyndaky Rafag serhet geçelgesinden Müsür gezmek üçin garaşýar. Müsür häkimiýetleri, ynsanperwerlik işleri, şeýle-de müsür uniwersitetlerine giren studentler we daşary ýurtda işleýän gazalylar üçin Rafah geçelgesini täzeden üç günlük açdy. (epa-EFE/Mohammed Saber)