AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #8

1
Güllän garaly agaçlarynyň arasynda duran studentler, Zhenjiang, Jiangsu welaýaty, Hytaý. (China Daily/via Reuters)

2
Şäheriň günbatar bölegini YD jeňçilerinden yzyna almak ugrunda söweş barýan mahaly günorta Mosuldan gaçan yrak maşgalalary Al-Buseif obasynda toplanýar. (AFP/Ahmad al-Rubaye)

3
Swetlana Tseýko 10 aýlyk, Grişa atly suguny naharlaýar. Abramy obasy, Belarus. (AFP/Sergei Gapon)

4
"Yslam döwleti" toparynyň jeňçileriniň kontrolyndaky obadan ýap-ýaňy gaçan oglan awtobusyň içinde aglaýar. Mosul. (Reuters/Zohra Bensemra)