AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar.
Region görnüşleri # 8
1
Agaç işleýän Nowoýeniseýsk kärhanasynyň işgäri 20 gradus sowuk howada iş gurallaryny arassalaýar. Bu kärhana öz agaç önümlerini Ýewropa, Demirgazyk Afrika we Aziýa iberýär, Lesosibirsk şäheri, Orsýetiň Krasnoýarsk regiony. (Reuters/Ilya Naymushin)
2
Demirýol muzeýiniň işgäri Sowet Soýuzynyň esaslandyryjysy Wladimir Leniniň ýadygärligini görkezýär. Bu ýadygärlik Leniniň ýogalmagyndan bir ýyl geçensoň 1925-nji ýylda Moskwanyň demirýol işçileri tarapyndan dikilen 16 ýadygärligiň biri. (AFP/Alexander Nemenov)
3
Mikelanjelonyň multimedia sergisinde, Minskiň ZEH galereýasy, Belarus. (epa/Tatyana Zenkovich)
4
Kosowonyň polisiýa işgärleri oppozision kanun çykaryjylaryň gözi ýaşardýan gazy ulanmaklaryndan soň parlamentiň binasyny barlaýarlar. Hökümetiň Serbiýa bilen ylalaşygyna garşy çykýan we gyssagly saýlawlary geçirmegi talap edýän Birleşen oppozisiýa gözi ýaşardýan gazy ulanmak arkaly protest geçirip, oktýabr aýyndan bäri parlamentiň işini petikläp gelýär. (AFP/Armend Nimani)