AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar.
Region görnüşleri # 8
13
Gyz goýun bakýar, Nowşera, Pakistan. (Reuters/Fayaz Aziz)
14
Sankt Peterburgyň Fontanka derýasynyň kenaryndaky kepderiler (AFP/Olga Maltseva)
15
Moskwanyň "Lokomotiw" futbol komandasyndan Dmitriý Tarasow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň suraty çekilen we "Iň sypaýy prezident" ýazgyly köýneginde. "Lokomotiw" Ýewropanyň futbol boýunça baş guramasynyň disiplinar jezasyna sezewar bolup biler. Ýaryşda syýasy şygarlara rugsat berilmeýär. Orsýetiň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar noýabr aýynda Türkiýe Siriýa bilen serhedinde Orsýetiň söweş uçaryny oka tutansoň ýaramazlaşypdy. Stambuldaky futbol oýnunda "Fenerbahçe" "Lokomotiwi" 2-0 hasap bilen utdy (Reuters/Murad Sezer)
16
Türkiýäniň kenarynyň we Gresiýanyň Lesbos adasynyň arasyndaky kanaldan geçmäge synanyşanda gark bolan 12 ýaşly näbelli oglanyň mazary, Kato Tritos gonamçylygynyň golaýynda bosgunlar we migrantlar üçin gonamçylyk, Lesbos adasy, Gresiýa (epa/Orestis Panagiotou)