Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji aprelde Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa, onuň orunbasary Baýrammyrat Gurbanowa berk käýinç berdi.
TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, paýtagt häkimliginiň iki ýolbaşçysy “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadypdyr”.
Şol bir wagtda, olaryň Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi aýdylýar, ýöne hiç bir jikme-jiklik getirilmeýär.
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmeli edildi.
Şeýle-de, olara iň soňky duýduryşyň berlendigi aýdylýar.
Türkmenistanda resmilere käýinç, berk käýinç, soňky duýduryş bermek, olary ýygy-ýygydan täzelemek, şol bir wagtda-da olaryň 'ýol beren' kemçiliklerini ilden gizlemek soňky onýyllyklarda adaty zada öwrüldi.
Bu ýagdaý, emeldarlary wezipä belleýän we wezipeden aýyrýan ýolbaşyçlaryň näderejede mamladygy, prezidentiň adamlary jogapkär işe bellände we işden aýranda nämä esaslanýandygy ilat arasynda köp sorag döredýär.