Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow YHG mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Daşkent, 9-njy noýabr
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Daşkent, 9-njy noýabr

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin, 9-njy noýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar edýär. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň öň ýany, Berdimuhamedow özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Resmi habarda taraplaryň özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meselelerini gürrüň edendigi aýdylýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy, ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde, 1985-nji ýylda Türkiýe, Eýran we Pakistan tarapyndan döredildi.

1992-nji ýylda onuň düzümine Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan hem goşuldy.

2021-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji mejlisi Türkmenistanda geçdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG