Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Gürjüstana bardy. Bu barada habar berýän türkmen mediasy munuň prezidentiň bu Günorta Kawkaz döwletine amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygyny belleýär.
16-njy iýulda Tbilisiniň aeroportynda Berdimuhamedowy ýerli resmiler we hormat garawuly garşylady.
Resmi maglumata görä, saparyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň prezidenti Gürjüstanyň liderleri bilen dar we giňeldilen düzümlerde gepleşikler geçirer. Şeýle hem, türkmen-gürji işewürlik forumy we Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi meýilleşdirilýär.
Gürjüstanyň mediasynyň prezidentiň edarasyna salgylanyp ýazmagyna görä, Berdimuhamedowyň özüniň gürjüstanly kärdeşi Mikheil Kawelaşwili bilen geçirjek gepleşikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi we sebitara gün tertibiniň möhüm meseleleri maslahat ediler.
Forum