Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin dünýäniň Russiýanyň ýadro ýangyjyna garaşlylygyndan uly girdeji alýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň ilkinji atom elektrik stansiýasyna ýadro ýangyjynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşýar. Arhiw suraty
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň ilkinji atom elektrik stansiýasyna ýadro ýangyjynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşýar. Arhiw suraty

ABŞ we onuň Ýewropadaky ýaranlary Russiýadan köp mukdarda ýadro ýangyjyny we onuň böleklerini import edýärler we bu ýagdaý Moskwa Ukraina garşy alyp urşunda örän mätäç bolan pullaryny, ýüzlerçe million dollar girdeji getirýär.

Kanuny esasda we sanksiýa girizilmedik söwdalar ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy bilen meşgullanýan bilermenlerde we saýlanan resmilerde uly howsala döretdi. Olar bu importyň Moskwanyň ýadro arsenalynyň ösüşine goldaw berýändigini we Russiýanyň uruş ukyplaryny çäklendirmek üçin edilýän tagallalary kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Söwda maglumatlaryna we hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Russiýa ABŞ-daky we Ýewropadaky firmalara takmynan 1,7 milliard dollarlyk ýadro önümlerini satdy.

XS
SM
MD
LG