Putin Siriýadaky konflikti maslahat etdi
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei bilen Tähranda duşuşyp, Siriýadaky konflikti maslahat etdi. Iki ýurduň liderleri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldadylar we dünýäniň täsirli ýurtlarynyň Siriýa öz syýasy isleglerini makul gördürmäge synanyşmaly däldigini bellediler. Putin Müsürde orsýet uçarynyň ýere gaçmagyna jogapkärler jezalandyrylýança Siriýadaky howa zarbalaryny dowam etdirmegi wada berdi. Gazy eksport ediji ýurtlaryň sammitine gatnaşmak üçin Tährana baran Putin, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen hem duşuşdy. (Reuters)