Olaryň harytlary Günbataryň harby deňiz güýçleriniň elýeterinden daşarda daşamak synanyşyklary sebäpli, Hazar deňzi Russiýa bilen Eýranyň arasynda giňelýän harby gatnaşyklarda möhüm logistika geçelgesine öwrülýär.
Bu geçelge Moskwa bilen Tährana Günbatar deňiz güýçleriniň gönüden-göni girip bilmeýän ýeri, içerki deňiz arkaly köp mukdarda ýük geçirmek, alyş-çalyş etmek mümkinçiligini berýän ýol açýar.
NBC News şu hepde Moskwanyň Eýrana iberiljek harby ýükler üçin eýýäm Hazar deňzini ulanýandygyny görkezýän resminamany ele salandygyny habar berdi. Bu resminamanyň asyl nusgadygy günbatar resmisi tarapyndan tassyk edildi.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşinde goranmak syýasaty we strategiýasy boýunça uly direktor bolup işlän Barri Pawel, iki ýurduň - uruş we halkara sanksiýalarynyň dartgynly döwründe - hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýandygy sebäpli, bu geçelgäniň has köp üns berilmegine mynasypdygyny aýdýar.
"Bu iki ýurt bir-birine ýakynlaşdygyça, Eýranyň Orsýete we Orsýetiň Eýrana kömek edýändigine we garamazdan, bu geçelgedäki gatnawyň we zatlaryň eýläk ýa beýläk daşalmagy üçin ulanylmagynyň artmagyna garaşmaly" diýip, Pawel Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Saratoga gaznasynyň prezidenti Glen Howardyň aýtmagyna görä, Hazar deňzi "ruslar we eýranlylar üçin iki tarapa hem hyzmat edýän tebigy, howpsuz üpjünçilik liniýasy" boldy. Bu dirilik ýoly goragly, hut şonuň üçin hem Russiýa we Eýran ony saýlap aldy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Eýran Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan we eýýäm bäşinji ýylyna giden giň gerimli urşunda dronlary, harby tehnologiýalary we beýleki enjamlary iberip, Moskwanyň esasy üpjünçisine öwrüldi. Şeýle-de, Eýran Orsýete "Şahed" dronlaryny öndürmek mümkinçiliklerini, şol sanda Alabuga ýörite ykdysady zolagyny gurmakda kömek etdi.
Eýranyň ABŞ we Ysraýyl bilen alty aýa golaý dowam eden çaknyşykda gowşan mümkinçilikleri dikeltmäge çalyşmagy bilen, Orsýet indi ozal özüne berlen goldawy yzyna gaýtaryp, Eýrana kömek berýäne meňzeýär.
Syrly ýükler
Hazar deňzi arkaly geçirilýän käbir ýükleriň düzümi köp babatda belli däl, şonuň üçin gatnawyň näçe böleginiň söwda, harby ýa-da çig mal bilen baglanyşyklydygyny kesgitlemek kyn. Şeýle-de, bu ugur ykdysady arteriýa bolup, iki ýurduň arasynda däne we beýleki harytlary daşamak üçin ulanylýar.
"Biz ol gämileriň ýüklerinde nämeleriň bardygyny bilmeýäris" diýip, Howard aýtdy. "Ýöne biz onuň şol ýerdedigini bilýäris. Biz onuň işjeňdigini bilýäris."
ABŞ administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileri, mesele ynjyk bolansoň, anonimlik şerti bilen gürleşip, Azatlyk Radiosyna Waşingtonyň Russiýa bilen Eýranyň arasynda giňelen harby we logistika gatnaşyklaryny ýakyndan synlaýandygyny, uruş döwründäki üpjünçilik ylalaşyklarynyň has berk infrastruktura öwrülmek alamatlaryna gözegçilik edýändigini aýtdylar.
Resmiler aňtaw maglumatlaryny ýa-da anyk ýükleri ara alyp maslahatlaşmakdan ýüz öwürdiler we Ukrainanyň Hazarýaka operasiýalaryna daşarky kömek baradaky çaklamalary tassyklamadylar. Olar Hazaryň ýapyk tebigatynyň we jemgyýetçilik aç-açanlygynyň çäkli bolmagynyň aýry-aýry ýükleriň düzümini ýa-da maksadyny kesgitlemegi kynlaşdyrýandygyny bellediler.
Ýöne olar bu giň meseläniň ABŞ syýasatçylary üçin barha ähmiýetli meselä öwrülýändigini, olaryň Orsýetiň, Eýranyň we beýleki hyzmatdaşlaryň sanksiýalara, deňiz basyşyna we Günbatar mejburylygynyň beýleki görnüşlerine has az sezewar bolýan üpjünçilik ulgamlaryny nähili gurýandygyna baha bermekleri üçin barha möhüm häsiýete eýe bolýandygyny aýtdylar.
Geografiýa örän möhüm. Başar al-Assadyň hökümetini Ortaýer deňzi ýollary we Bosfor bogazy arkaly üpjün eden, "Siriýa EKpresi" diýilýänden tapawutlylykda, Hazar deňzi gury ýer bilen gurşalan, deňiz çykalgasy bolmadyk suw ýoludyr.
Rus enjamlary Olýa ýa-da Astrahan ýaly portlarda ýüklenip, Hazar deňziniň üsti bilen daşalyp bilner we bu ýagdaý bu ýoly uly ýükleriň daşalmagy üçin peýdaly edip biler. Deňiz ulaglary, degişlilikde, ýük daşamagyň gizlin usuly bilen hem üpjün edip biler.
"Siz has köp mukdarda ýük iberip bilersiňiz, şeýle-de ony has ümsüm ýol bilen hem iberip bilersiňiz" diýip, Howard aýtdy we "Bu örän ýaşyryn we howp-hatarsyz" diýip sözüniň üstüni ýetirdi.
"ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri Hazar deňzine gämi salyp bilmeýär" diýip, ol ony Günbatar deňiz güýçleriniň gönüden-göni girip bilmeýän ýeri, Orsýetiň goragly "galasy" hökmünde häsiýetlendirdi.
Beýleki tarapdan, Hazar deňzi Ukrainanyň elýeterinden beýle bir uzakda däl.
Ukrainanyň Orsýetiň harby we ykdysady nyşanalaryna garşy barha giňeldýän uzak möhletli kampaniýasy Hazaryň demirgazyk töweregindäki infrastruktura, şol sanda Dagystana barha kän täsir etdi. Geçen aý Kiýew Eýranyň söwda gämisine hüjüm edip, eýranly deňizçini öldürdi we Tähranyň kompensasiýa talap edip, ar almak haýbatyny atmagyna sebäp boldy.
Forum