Uruş bilen üpjün edilýän ykdysadyýet. Telewizor ekranlaryndan başlap, mekdeplere çenli Günbatara garşy siwilizasion gapma-garşylyk şygarlary ähli ýere ýaýraýar. Uruşda ýaralanan müňlerçe esger, olaryň käbiri zorluk eden tussaglar, Ukrainadaky iň gandöküşikli söweşlere gatnaşdyrmak üçin türmeden çykaryldy we soň Orsýetiň dürli şäherlerine we obalaryna gaýdyp bardy.
Şu aýyň başynda Sankt-Peterburgda geçirilen ykdysady forumynyň dowamynda prezident Wladimir Putiniň dogduk şäheriniň golaýyndaky nebit desgalaryna ukrain pilotsyz uçarlarynyň eden hüjümleri Kiýewi birnäçe hepdede dyza çökermegi umyt eden doly möçberli çozuşyň bäşinji ýylynda Orsýetiň duçar bolan şowsuzlyklaryň aýdyň nyşany boldy.
Orsýetiň içine edilen bu we beýleki ukrain hüjümleri Putiniň esasy uruş maksatlarynyň ählisine, hatda Ukrainanyň Donbas sebitini tutuşlygyna basyp almak islegine Moskwanyň göreşmeli boljakdygyny ýatlatdy.
Forumda Putiniň özi başlan urşuň soňuna çykmaga uly päsgel berýändigini aýdýan içerki faktorlaryň köpüsi köp gozgalmady.
Bu onuň özüniň döreden tory diýip, analitikler, çärýek asyrdan gowrak prezident ýa-da premýer-ministr hökmünde häkimiýet başynda bolandan soň, ony Orsýet we Putiniň öz syýasy abraýy üçin uly töwekgelçilik döretmezden, aýyrmak kyn bolar diýýärler.
Putin, hakykatda, bir monstry döretdi. Ý-da syýasatşynaslar Sewa Gunitski bilen Jeremi Morrisiň "Foreign Affairs" žurnalynda ýakynda çap edilen makalasynda aýdylyşy ýaly, ol "hiç kimiň aňsatlyk bilen ýok edip bilmejek uruş duzagyna düşdi".
"Biz kölege ykdysadyýeti, zähmet bazarlary, sebitleýin býujetler, hatda ýurduň içindäki sosial ierarhiýa barada gürrüň edýäris - bularyň hemmesi urşyň daşynda täze tertibe düzüldi" diýip, Toronto uniwersitetiniň Jorj Ignatýew adyndaky parahatçylyk we çaknyşyklar barlaglary kafedrasynyň müdiri Gunitski Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. "Şu manyda, ol hatda Putini hem çäklendirýän milli institutsional we ykdysady tertip boldy".
"Ony togtatmak ykdysady çökgünliligi, sosial dartgynlylygy we hatda režimiň ýüzbe-ýüz bolmaga taýýar bolmadyk syýasy krizisi aňladýar" - diýip, ol aýtdy.
Giň gerimli çozuş başlaly bäri tutuş sebitler, senagatlar we hatda ilatyň dürli gatlaklary uruş bilen baglanyşykly pul akymlaryna garaşly boldy, bu erkekleriň ýokary aýlyk üçin harby gulluga goşulmagyndan başlap, ýarag öndürijilerini hem öz içine alýar.
Bu pul akymlary "ilata umuman peýda getirmeýär. Emma olara garaşly pudaklar üçin - millionlarça adamy iş bilen üpjün edýän ýarag senagaty üçin- uruşyň dowam etmegi möhümdir" - diýdi Gunitski aýtdy. "Islendik bökdençlik örän durnuksyzlaşdyryjy bolar".
'Gan ýuwaşdan akýar'
Söweşleriň soňlanmagy köp esgerleri öýlerine, şol sanda azatlyga çykmak üçin urşa goşulan jenaýatçylary näbelli gelejege gaýtarar. Türmäniň we urşuň weteranlary eýýäm Orsýetde köp sanly zorlukly jenaýatlary amala aşyrdylar.
"Orsýet iki tarapdan hem çykdajylara duçar bolýar - ýöne olar dürli çykdajylar" - diýip, Gunitski aýdýar. "Uruşy dowam etdirmegiň çykdajylary haýal we dargan: inflýasiýa, işçi güýjüniň ýetmezçiligi, graşdan ilatynyň durgunlygy. Urşuny togtatmagyň çykdajylary dessine we takyk bolar: köpçülikleýin işsizlik, weteran krizisi we goranyş senagatyndan mümkin bolan çökgünlilik".
"Taryhy taýdan režimler hemişe ýiti krizisiň ýerine güýjüň haýal gowşamagyny saýlaýarlar" - diýip, ol aýtdy.
Häzire çenli Putin şol bir zady saýlap gelýär, ýa-da islendik üýtgeşmäni yza tesdirýär.
Kremliň Putini tutanýerli hereket edýän adam hökmünde suratlandyrmagyna garamazdan, Orsýet boýunça bilermen Mark Galeotti ony uly kararlary ýa-da üýtgeşmeleri kabul etmegi hemişe yza çekýän "iki oturgyçda oturýan" hökmünde häsiýetlendirýär.
Mundan başga-da, Putin rus güýçleriniň uly ýitgilere sezewar bolmagyna we örän çäkli üstünlikleri gazanmagyna getiren bäş ýyla golaý dowam edýän uruşdan soň, söweşi häzir togtatmagyň oňuň üçin örän gowşak netije görkezmeginden gorkýan bolmagy mümkin. Maý aýynda Britaniýanyň aňtaw gullugynyň çap eden maglumatyna görä, rus goşunynda adam ýitgisi tas 500 müňe golaý diýlip çak edilýär.
Damokl gylyjy
Ölümleriň köpüsi Donbasda - gündogar Ukrainanyň Donetsk we Lugansk sebitlerinde - uzaga çeken, agyr we ölüm howply söweşlerde boldy, bu söweşler şäherleri harabaçylyga öwürdi. Putin bu iki sebitiň, şeýle hem Krymyň, Zaporožýanyň we Hersonyň häzir Orsýetiň düzümindedigini esassyz öňe sürdi we olary doly gözegçilikde saklamagy sebäpli öz döwletine basyş döretdi.
"Eger parahatçylyk ylalaşygyny ýeňiş hökmünde görkezip bolmasa, bu uly dartgynlylygy döreder" diýip, Gunitski Azatlyk Radiosyna aýtdy.
"Islendik ylalaşyk - hatda atyşygy bes etmek hem - Putine ony ygtybarly ýeňiş ýa-da iň bolmanda oňa tarap ygtybarly ilkinji ädim hökmünde görkezmäge mümkinçilik bermeli" diýip, ol aýtdy.
Bu, Putiniň Donbasyň galan bölegini güýç ýa-da iň bolmanda diplomatiýa arkaly basyp almaga dyrjaşmagynyň esasy sebäbi bolup biler: Kreml birnäçe gezek ukrain güýçleriniň Kiýewiň elinde saklanýan strategiki möhüm böleginden çykmagynyň gepleşikleriň esasy şertidigini aýdypdy.
Pikir soraşyklar köp orsýetliniň uruşdan parahatçylyk gepleşiklerini has köp goldaýandygyny görkezýär we käbir analitikler Putiniň islendik netijäni ýeňiş hökmünde ýa-da azyndan synag hökmünde görkezip biljekdigini aýdýarlar.
"Biz hemişe Orsýetiň islendik wagt parahatçylykşgy yglan etmek mümkinçiliginiň bardygyny ýatda saklamalydyrys" diýip, Galeotti 14-nji iýunda öz podkastynda aýtdy: Ol front liniýasyndaky pozisiýalary doňduryp, urşy togtadýandygyny aýdyp biler, ýöne "Ukrainanyň depesinden asylýan Damokl gylyjy" ýaly täzeden hüjüm etmek mümkinçiligini saklap biler, bu netijede Günbatara hem degişli bolar.
"Orsýetde... elitanyň käbir elementleriniň, esasanam işewür we tehnokrat elitanyň içinde Putini ýeňiş yglan edip, urşy tamamlamaga mümkinçiliginiň bardygyna ynandyrmaga synanyşmak üçin açyk-aýdyň kampaniýa alnyp barylýar" diýip, ol hökümetde we howpsuzlyk gurluşlarynda bäsdeş lagerleri biri-birine garşy goýup, häkimiýetini saklap galan Putiniň "muňa açyk-aýdyň ýol beren bolmagyny" sözüne goşdy.
'Putin üçin täze bir mesele'
Londondaky "King's College"-däki Russiýa institutynyň professory Sem Grin hem Putin ok atyşlygy bes etmek arkaly, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, "aýylary we tilkileri" rahatlandyrmaga synanyşyp biler diýýär. Şeýlelikde "Orsýet Ukrainanyň territoriýasyna bolan talaplaryny saklap galmagy we Ýewropanyň Moskwany saklamak we oňa garşy durmak üçin mobilizasiýa etmegini" gazanar.
"Bu, urşuň çykdajylaryny azaltmak bilen 'tilkileri" kanagatlandyryp bilerdi, şol bir wagtyň özünde konflikte taýýarlanýan Orsýetde harby maýa goýumlaryny we syýasy abraýyny dowam etdirmek isleýän 'aýylary' kanagatlandyrardy" diýip, Grin ýazdy.
Şeýle hem, bu Kremliň urşy "Orsýeti ýok etmek isleýän ahlaksyz Günbatara garşy ekzistensial göreşiň" bir bölegi hökmünde suratlandyrmagyna täsir etmezdi - bu düşünje jemgyýetiň ähli gatlaklaryna zor bilen ornaşdyryldy.
Şeýle-de bolsa, "seresap" Putiniň iň ähtimal ýoly, "urşy dowam etdirmek" bolar diýip, Grin ýazdy. "Emma biz bu wariant Kreml üçin hiç zada durmaýar diýip pikir etmeli däl".
"Putin üçin urşy dowam etmegiň ony tamamlamakdan has aňsat bolmagynyň köp sebäbi bar" diýip ýazan Grin, rus elitasyndaky iki topar - urşuň tarapdarlary we parahatçylygy isleýänler - häzirki ýagdaýdan nägile bolýarlar.
"Biziň barha köp görýän zadymyz... iki lager hem häzirki urşyň alnyp barylmagynyň öz bähbitlerine hyzmat edýändigine ynanmaýarlar" diýip, Grin ýazdy. Olar gelejek barada ylalaşmasalar-da, "häzirki döwrüň hem durnuksyzdygy, hem islenilmeýändigi bilen barha köp ylalaşýarlar. Bu bolsa Putin üçin täze bir kynçylyk döredýär".