Reňkli suratlaryň bir topary Owganystany düýbünden başgaça öwşünde görkezýär.
Bir wagtlar Owganystan...

1
Kabulyň golaýyndaky bir seýilgähde bahar pasly. 1920-nji ýyllarda Owganystan Britan imperiýasyndan aýrylandan soň, öz garaşsyzlygyna täzelikde eýe bolan döwletdi. Bu onýyllygyň aglaba böleginde ýurda dünýewi reformist Amanullah Han ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurdy Günbataryň nusgasynda döwrebaplaşdyrmaga synanyşypdy.

2
Kabulyň günbataryndaky depede ýerleşýän çaýhananyň öňünde oturan zenan we adam

3
Kabulyň etegindäki palçykdan ýasalan diwaryň golaýynda oturan zergär. 1928-nji ýyla degişli bu suratlar suratçy Frederic Gadmer tarapyndan düşürildi. Bu suratlar "Planetanyň arhiwleri" atly proýektiň bir bölegidir.

4
Kabulyň iki tarapyna agaçlar dikilen prospektiniň golaýynda gezelenç edýän zenan. "Planetanyň arhiwleri" atly proýekt fransuz bankiri tarapyndan maliýeleşdirildi. Ol 1909-31-nji ýyllar aralygynda dünýäniň 50-den gowrak ýurduna suratçylary iberdi.