Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmiler: Rus dronlary Harkowy nyşana alýar

Şäher häkimi Ihor Terekow pilotsyz uçarlaryň ählisiniň şäher eteklerine zarba urandygyny aýtdy.
Şäher häkimi Ihor Terekow pilotsyz uçarlaryň ählisiniň şäher eteklerine zarba urandygyny aýtdy.

Russiýa öten agşam Ukrainanyň gündogaryndaky Harkow şäherine azyndan üç dron hüjümini edip, okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýyna zarba urdy we azyndan bir adamy ýaralady diýip, resmiler aýtdylar.

Şäher häkimi Ihor Terekow pilotsyz uçarlaryň ählisiniň şäher eteklerine zarba urandygyny aýtdy.

"Pilotsyz uçarlaryň biri umumy ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň iki gatyny ýykdy. Ol ýerde ýangyn döredi, Döwlet gyssagly kömek gullugynyň bölümleri iş üstünde” diýip, Terekow aýtdy.

Sebit polisiýasynyň başlygy Wolodymyr Timoşko milli telewideniýede bir adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Russiýa bilen aradaky serhediň golaýynda ýerleşýän Harkow ýygy-ýygydan rus hüjümleriniň nyşanasy bolýar.

XS
SM
MD
LG