Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň Merkezi Aziýada täsiri azalýarmy?


Russiýanyň, ÝAYB-nyň, Gyrgyzystanyň hem Gazagystanyň baýdaklary.
Russiýanyň, ÝAYB-nyň, Gyrgyzystanyň hem Gazagystanyň baýdaklary.

Günbatar metbugaty sanksiýalar sebäpli Russiýanyň ykdysadyýetiniň gowşaýan wagtynda, Moskwanyň Merkezi Aziýadaky täsiriniň azalýandygyny ýa-da ýokdugyny seljerýär. Şeýle hem metbugat Gazagystanyň nebit transporty meselesinde, Russiýa garaşlylykdan dynyp, alternatiw turba geçirijisini tapyp biljekmi diýen soraga jogap agtarýar.

«NÄBELET SAÝLAWÇYLAR»

Iňlis dilindäki Eurasianet web sahypasy 5-nji iýunda Gazagystanda geçen referendumda, saýlawçylarynyň Konstitusiýa girizilýän üýtgetmeleriň manysyna doly düşünmeýändiklerini ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, sala salşygy guraýjylaryň özleri-de, raýatlaryň köpüsiniň üýtgeşmeleriň maksadyny bilmeýändigini boýun alýarlar. Döwlet sekretary we prezidentiň öňki geňeşçisi Erlan Karin Esasy Kanunyň köne we täze nusgalarynyň arasyndaky tapawudy seljermegiň köplere kyn bolandygyny aýtdy.

Häkimiýetleriň başlangyjy boýunça işlenip düzülen 56 düzediş bir bukjada hödürlendi: ses berişlikde saýlawçynyň üýtgeşmeleri kabul edýändigi ýa-da däldigi baradaky soraga “hawa” ýa-da “ýok” diýip jogap bermek teklip edildi. Eurasianet neşiri Esasy Kanuna üýtgetmeler girizmegiň we oňa razylyk berlende, munuň nähili netijelere getirjekdigine düşünmek üçin, saýlawçylara az wagt berlendigine ünsi çekýär.

Syýasaty öwreniji Dosym Satpaýew neşir bilen geçirilen söhbetdeşlikde: "Ýönekeý raýatlary aýtmanymyzda, hatda hünärmenler üçinem bu bulaşyklygy çözmek kyn" diýdi.

Bilermeniň pikiriçe, häkimiýetler meseläni anyk düşündirmekde we 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna sada milletiň taýýarlyk işlerinde zerurlyk görmeýärler. Ýanwar aýynda bolup geçen wakalardan soňra “bu saýlawda hökman ýeňiş gazanjakdygyna, öz abraýyny artdyrmak üçin, syýasy reformanyň zerurdygyna Kasym-Žomart Tokaýew düşünýän bolsa gerek” diýip, Eurasianet neşiri hasap edýär.

Tokaýew referendum üçin 16,4 milliard tenge bölünip berlendigini mälim etdi. Puluň bir bölegi esasan ses beriş senesi barada, ilata habar bermek kampaniýalaryna sarp edildi. Makalanyň awtory Almaz Kumenow häkimiýetleriň konstitusiýa özgertmelerini şertsiz goldamak üçin, "synagdan geçen" syýasy bilermenleri hem-de jemgyýetçilik pikirini öwreniji liderleri özüne çekendigini ýazýar. Neşiriň habaryna görä, ündew işleri geçirilen wagtynda, garşy durujy nähilidir başga pikirler eşidilmedi.

Jemgyýetçilik pikirini öwreniş merkeziniň müdiri Gülžan Alimbekowa Eurasianet neşirine beren teswirinde, gowşak maglumat kampaniýasy sebäpli, çetki ilatly nokatlaryň we obalaryň ýaşaýjylary üçin, referendumyň maksadynyň we düzedişleriň manysynyň düşnüksiz bolandygyny aýtdy. "Referenduma çagyryşlar bar ýerde ýaňlanyp durdy, ýöne reformanyň takyk düşündirişi ýok" diýip, ol hasap edýär.

Dosym Satpaýew referendumyň esasy maksady Tokaýewiň pozisiýasyny güýçlendirmek diýip hasaplaýar.

"Referendumda adamlar Esasy kanuna düzedişlere däl-de, häzirki prezident üçin ses berdiler. Bu häkimiýetlere Tokaýewe goldawyň hakyky derejesini artdyrmaga mümkinçilik berer" diýip, syýasat bilermeni teswir berýär.

SANKSIÝALAR RUSSIÝANYŇ MERKEZI AZIÝA TÄSIRINI PESELDERMI?

Amerikanyň Voice of America radiostansiýasy Günbataryň girizen sanksiýalarynyň Russiýanyň ykdysadyýetini gowşadýandygy sebäpli, Moskwanyň Merkezi Aziýada täsiriniň azalýandygyny belleýär.

Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ykdysadyýeti köp ýyl bäri Russiýadan işçi migrantlarynyň pul iberişine bagly boldy, Moskwa bolsa muny güýç hökmünde ulanyp geldi diýip, Radionyň web sahypasyndaky makalada aýdylýar. Pittsburg uniwersitetiniň Marketing we dolandyryş merkeziniň müdiri Jennifer Brik Murtazaşwili Russiýa Ukraina çozup gireninden soň ýagdaýyň üýtgändigini we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň "Russiýanyň işçi güýjüne mätäçdigine indi düşünýändigini" belleýär.

“Bu ýurtlar indi özlerinde erkinligiň bardygyna düşünýärler we ony nädip ulanyp boljakdygyny görüp başladylar. Indi biz esasy güýçli döwletleriň arasynda örän erkin saýlawa hem has köp azatlyga eýe boljak güýçli Merkezi Aziýany görýäris" diýip, Murtazaşwili düşündiriş berýär.

Bilermeniň pikirine görä, Russiýanyň gowşamagy Hytaýa sebitdäki täsirini artdyrmaga mümkinçilik berer. 31-nji maýda Hytaý Özbegistana "bilelikdäki sosial ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek" üçin, 37,5 million dollar mugt kömek berjekdigini aýtdy.

Ondan öňinçä ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu Waşingtonyň sebit bilen gatnaşyklaryny berkitmek üçin, Gyrgyzystana, Özbegistana, Täjigistana we Gazagystana resmi sapar bilen bardy hem-de "gülläp ösýän we howpsuz Merkezi Aziýany döretmek işinde, bilelikdäki tagallalary ösdürjek, özara baglanyşyklary öňe sürdi".

Помощник госсекретаря США о Центральной Азии, Афганистане и новом соглашении с Кыргызстаном
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:46 0:00

Singapurdaky Halkara barlaglary mekdebiniň uly işgäri Rajaratnam we “Sinostan” kitabynyň awtory Raffaello Pantuççi Russiýanyň sebitdäki täsiri azalsa-da, Moskwa bilen gatnaşyklary düýpli kesmegiň mümkin däldigini, onuň möhüm oýunçy bolup galjakdygyny düşündirýärler.

Karnegi halkara parahatçylyk gaznasynyň ylmy işgäri Temur Umarow uruş sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, Russiýa sebitdäki täsirini saklar diýip hasaplaýar. Ýöne Umarowyň pikirine görä, Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri Moskwa alternatiwany gözlemegi çaltlaşdyrar. "Geografiki ýerleşişini, ykdysady kuwwatyny we aragatnaşyk mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Russiýanyň ornuny tutup biljek birinji ýurt Hytaý bolar" diýip, ol hasap edýär.

Şeýle-de bolsa, Sinjiangdaky uýgurlaryň ykbalyny bilýän Merkezi aziýalylar Hytaý bilen ýakynlaşmakdan howatyr edýärler diýip, Murtazaşawili sebitdäki hytaýlara garşy duýgular barada aýdýar.

GAZAGYSTAN NEBITIŇ EKSPORTY MESELESINDE, MOSKWADAN GARAŞLYLYGY AZALDYP BILERMI?

Amerikanyň Diplomat neşiri Ukrainada uruş başlanandan soň, Gazagystan öz nebitini daşary ýurt bazarlaryna diwersifikasiýa etmek ýollary barada alada edýändigini ýazýar. Günbatar Russiýanyň energiýa ulgamyna sanksiýalar girizse, ýagdaý hasam erbetleşip biler we şoňa görä-de, Gazagystana durnukly energiýa infrastrukturasy we çig mal eksporty üçin, alternatiw ýollar gerek.

Günbatar Gazagystanda öndürilýän nebitiň 80 göterimi Hazar turbageçiriji konsorsiumynyň üsti bilen Russiýanyň Gara deňziň kenaryndaky Noworossiýsk terminalyndan, daşary ýurda aşyrylýar. Russiýa garaşly bolmak käbir monopolistik hereketleriň töwekgelçiligini döredýär diýip, makalanyň awtory, Halkara Risk Advisory Group konsalting kompaniýasynyň ylmy işgäri Sofia Nina Burna-Asefi ýazýar. Mysal üçin, “Transneft” paýdarlar toparynyň, şeýle hem Russiýanyň hökümetiniň turbageçirijiniň kuwwatyny giňeltmek islemezligi Gazagystanda lapykeçlik döretdi.

Gazagystanyň beýleki bir iri hem esasy transport ýoly Hytaýa gidýär. 2005-nji ýylda açylan bu nebit geçiriji Gazagystanyň Hazar deňzindäki ýataklaryndan, Hytaýa gös-göni çig mal iberýär. 2009-njy ýylda işe girizilen gaz geçirijisi bolsa, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň mawy ýangyjyny Hytaýa akdyrýar. 2019-njy ýylda bu iki turbageçirijiniň üsti bilen Gazagystan Hytaýa 1,2 milliard dollarlyk çig nebit we 1,65 milliard dollarlyk gaz iberdi.

Gazagystanyň Mangystau oblastynda nebitiň alnyşy.
Gazagystanyň Mangystau oblastynda nebitiň alnyşy.

Russiýadan sowa geçmek üçin, Günbatar hem alternatiw ugur hödürleýär, ýöne bu ýoluň mümkinçiligi çäkli. “Şeýle hem, Azerbaýjanyň dar zolakdan geçýän Genje geçelgesi bar. Bu geçelgäni ABŞ Owganystandaky söweş mahalynda, Hazar deňziniň üsti bilen Merkezi Aziýa geçmekde ulanypdy. Günbataryň uly döwletleri NATO agza ýurduň (Türkiýäniň) we NATO dalaşgär ýurduň (Gürjüstanyň) üstünden geçýän Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisini has amatly saýýarlar. Aýratyn-da, Azerbaýjanyň nazara alýan ugry Günbatar bolansoň, olar Gazagystan bilen Türkmenistanyň energiýa göterijilerini tankerler arkaly Hazar deňzinden geçirip, Ortaýer deňzine

aşyryp bilerler” diýip, ol makalada aýdylýar. Ýöne bu ýoly Russiýa hem Gazagystan arasyndaky Hazar turbageçiriji konsorsiumynyň kuwwaty bilen deňeşdirilip bolmaz, şeýle hem ol Russiýanyň üstünden geçýän turbageçirijisine alternatiwa bolup bilmez. Mundan başga-da, Ankara tranzit tölegini bir barrele 0,55 dollar bolanlygyndan, 1,5-2 dollara çenli ýokarlandyransoň, ol koridor has gymmat boldy.

Burna-Asefi Gazagystanyň Russiýanyň energiýa infrastrukturasyna we nebit transportyna garaşlydygyna garamazdan, boş durmaly däldigini ýazýar. Turbageçiriji infrastrukturanyň ýoklugy we çäkli geografiýa şertleri Gazagystana nebit-gaz önümçiligini we eksportyny ýokarlandyrmakda, esasy päsgelçilik bolup galýar, ol sebitiň we halkara sarp edijileriň garaşsyz hem arzan energiýa üpjünçiligi ugrundaky tagallalaryna päsgelçilik döredýär.

“Energetika eksportynyň eýesi bolmak we dünýä energiýa bazaryna çykmak üçin, Nur-Sultan diňe bir öz içerki serişdelerini peýdalanyp, dürli oýunçylardan ýeňillik gazanmak däl, eýsem Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň sebit howpsuzlygyny goramaga gyzyklanýandygy barada oýlanmaly. Bu çylşyrymly deňagramlylyk strategiýasy üçin, Tokaýew Gazagystanyň köp ugurly daşary we energiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda, akylly hereket etmeli bolar” diýip, awtor makalanyň jemleýji böleginde ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG