Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Dnipropetrowsk we Sumy sebitlerine hüjüm etdi


Rus goşunlary 29-njy sentýabra geçilýän gije Ukraina pilotsyz uçarlar bilen hüjüm etdi.

Dnipropetrowsk sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Serhiý Lysak rus goşunlarynyň Sinelniki etrabynyň Pokrowska, Slawýansk we Mežewsk jemgyýetlerine hüjüm edendigini habar berdi. Hüjüm netijesinde 44 ýaşly erkek ýaralandy.

Ukrainanyň döwlet gyssagly kömek gullugy administratiw binanyň, myhmanhananyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we awtoulaglaryň zyýan çekendigini aýtdy.

Şeýle-de, rus harbylary Sumy sebitiniň Konotop etrabyndaky ilatly nokada zarba urdy.

Döwlet gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, hüjüm wagtynda hususy emläge degişli tomusky aşhana we gurluşyk binasy ot aldy. Halas edijiler ýangyny söndürdiler we onuň ýaşaýyş jaýyna geçmeginiň öňüni aldylar. Deslapky habarlarda bir adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG