Soňky bäş ýylda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Azerbaýjanyň “Trend” neşirine aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky söwda dolanyşygy her ýyl 1,6 milliard dollardan geçýär, Russiýa import edilýän türkmen dokma we azyk önümleriniň möçberi takmynan iki esse ýokarlandy.
Mundan başga, rus ilçisiniň anyklaşdyrman aýtmagyna görä, Russiýanyň demirýol edaralarynyň gatnaşmagynda, soňky tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak bilen, üstaşyr-ulag ýükleriniň daşalýan mukdaryny artdyrmak üçin gepleşik geçirilýär.
“Taraplar halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ulaglaryň mukdaryny köpeltmek üçin bilelikdäki tagallalara aýratyn ähmiýet berýärler” diýip, “Türkmenportal” neşiri “Trend” habar gullugynyň geçiren söhbetdeşligine salgylanyp habar berýär.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň Russisýadan we beýleki döwletlerden import edýän harytlary, azyk önümleri barada açyk maglumat bermeýär.