Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Demirgazyk Kawkazda söweşiji diýilýän iki adamy öldürendigini aýdýar


Russiýanyň Terrorçylyga garşy milli komiteti 11-nji aprelde Demirgazyk Kawkazda "terrorçylyga garşy" geçirilen operasiýada söweşiji diýilýän iki adamy öldürendigini aýtdy.

Habarda aýdylmagyna görä, rus hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine Kabardino-Balkariýanyň paýtagty Nalçigiň etegindäki bir jemgyýetde “terrorçylyk hereketlerine dahylly ýaragly adamlaryň ýerleşýän ýeri” barada maglumat gelip gowuşdy.

Güman edilýän söweşijiler tabyn bolman, Russiýanyň howpsuzlyk güýçlerine tarap ot açanlaryndan soň, olaryň iki sanysy atylyp öldürildi diýip, Terrorçylyga garşy milli komitetiň beýanatynda aýdylýar.

Bu waka ýaragly adamlar Moskwanyň daşynda guralan hüjümde 140-dan gowrak adamy öldüreninden bir aý soň boldy. Moskwanyň etegindäki hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG