Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň kosmosda satellitlere garşy ýaragy ýerleşdirendigine “çalym edýär” – Pentagon


USA – Pentagon spokesman U.S. Air Force Brig. Gen. Patrick Ryder speaks during a media briefing at the Pentagon. Washington, January 24, 2023
USA – Pentagon spokesman U.S. Air Force Brig. Gen. Patrick Ryder speaks during a media briefing at the Pentagon. Washington, January 24, 2023

Pentagon Russiýanyň şu aýyň başynda kosmosda satellitlere garşy ýaraglary ýerleşdirendigine “çalym edýändigini” aýtdy. Moskwa muny dessine ret etdi.

21-nji maýda Pentagonyň metbugat wekili Patrik Raýderiň (Patrick Ryder) žurnalistlere aýtmagyna görä, mundan bäş gün öň, ABŞ-nyň hökümet satellitleriniň hem ýerleşýän orbitasyna täze älem ýaragy goýberilipdir.

Raýder, Pentagonyň çykaran netijelerine görä, “bularyň aýratynlyklarynyň 2019-njy we 2022-nji ýyllarda hem kosmosa goýberilen alem-ýarag sputniklerine çalymdaşdygyny” belledi.

“Elbetde, biz öz giňişligimizi – älemdäki giňişligimizi – goramaga taýýar bolmak, şeýle-de Bilelikdäki we Birleşdirilen Güýçlerimize dowamly we üznüksiz goldawyň berilmegini kepillendirmek boýunça jogapkärçiligimiziň bardygyny belleýäris” diýip, Raýder sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG