Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Noworossiýsk harby-deňiz bazasyna edilen hüjümiň öňüni alandygyny aýdýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýanyň Goranmak ministrligi 4-nji awgust güni irden öten agşam Noworossiýsk Gara deňiz harby bazasyna iki sany deňiz dronynyň hüjüm edendigini aýtdy.

"Pilotsyz gaýyklar... deňiz bazasyny goraýan rus gämileri tarapyndan kesgitlendi we ýok edildi" diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Telegram kanallary biraz öň bu sebitde bolan partlamalar barada habar beripdi. RIA habar gullugy Krasnodar sebitiniň häkimi Weniamin Kondratýewiň sözlerine salgylanyp, Noworossiýskä edilen hüjümde ölenleriň bolmandygyny, zyýan çekilmändigini aýtdy.

Bu maglumat özbaşdak ýagdaýda barlanyp bilinmedi.

XS
SM
MD
LG