Russiýa Ukrainanyň esasy Gara deňiz porty bolan Odesany täze dron hüjümi we raketa zarbalary bilen nyşana aldy diýip, ukrain howa goragy we sebit resmisi 14-nji awgustda, irden aýtdy. Ýurduň gündogar we günorta frontlarynda agyr söweşleriň dowam edýändigini habar berilýär.
Ukrainanyň howa goragy Russiýanyň bu gezek Eýranda öndürilen “Şahid” dronlarynyň 15 sanysy, “Kalibr” raketalarynyň 8 sanysy bilen hüjüm edendigini habar berdi. Howa goragynyň maglumatyna görä, olaryň ählisi urlup gaçyryldy.
Odesa garşy edilen hüjümiň yzyna serpikdirilmegine garamazdan, urlan dronlaryň we raketalaryň şähere gaçan galyndylary üç adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebit häkimi Oleh Kiper 14-nji awgustda aýtdy.
"Adamlara zerur lukmançylyk kömegi berilýär ... aşak gaçan raketa bölekleri birnäçe ýangynyň döremegine sebäp boldy. Käbir binalaryň penjireleri partlamalaryň döreden sarsgynly tolkunlaryndan döwüldi” diýip, Kiper sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň baş ştaby 14-nji awgustda gazaply söweşleriň dowam edýändigini, gündogar Harkow sebitiniň Kupýansk sektorynda geçen bir günüň içinde 33 çaknyşygyň bolandygyny habar berdi.
Rus güýçleri Donetskde Bahmut sebitinde elden gideren ýerlerini gaýtadan yzyna almaga synanyşdy, emma yzyna serpikdirildi diýip, baş ştabyň gündelik hasabatynda aýdylýar. Şeýle-de, harbylar Ukrainanyň howa goragçylarynyň Bahmutyň asmanynda Russiýanyň hüjüm dikuçaryny urup gaçyrandygyny aýtdylar.
Rus goşunlary günortada, Zaporižýanyň Robotine sektorynda “şowsuz” garşylylykly hüjüm synanyşygyny etdiler diýip, goşun aýtdy. Harby güýçler bir gün öň ukrain goşunlarynyň Robotine töwereginde "bölekleýin üstünlik" gazandyklaryny habar beripdiler.
Sosial media ýazgylarynyň käbiri ukrain goşunlarynyň Robotine girendigini görkezýär. Çaklaňja Robotine şäherçesi Kiýewiň Melitopola tarap hereketiniň günorta ugrunda ýerleşýär.
Söweş meýdanyndan berilýän habarlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýär.
13-nji awgustda birnäçe asuda adam, şol sanda bir är-aýal we olaryň iki çagasy - gyz bäbegi we 12 ýaşly ogly Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky topa tutmalary netijesinde öldürildi.
Içeri işler ministri Ihor Klymenko telegramda bu maşgalanyň Herson sebitindäki Şyroka Balka etrabynda öldürilendigini aýtdy.
Ol sözüni dowam etdirip, Herson sebitine atylan toplaryň jemi ýedi adamy öldürendigini, 20 adamy ýaralandygyny we birnäçe şäherçede ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirendigini aýtdy.
"Terrorçylar asuda ilaty öldürmegi hiç wagt özlerinden bilip bes etmezler. Terrorçylar duruzylmaly. Güýç bilen. Olar başga zada düşünmeýärler" diýip, ol aýtdy.
Hersonyň gubernatory Oleksandr Prokudin rus zarbalary netijesinde ölenleriň arasynda bir ybadathana ruhanysynyň we Stanislawdaky obadaşynyň hem bardygyny aýtdy.
Ukrainanyň Zaporižýa sebitiniň basylyp alnan böleginde Russiýa tarapyndan bellenen basybalyjy resmi Wadim Rogow ukrain güýçleriniň rus hatarlaryny böwsendigini we Donetsk sebitiniň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Urožaýne şäherçesinde "ornaşandygyny" aýtdy.
Rogow ukrain güýçleriniň golaýdaky Staromliniwka şäherini ele geçirmäge synanyşýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, rus habar gulluklary 13-nji awgustda Russiýany Kerç bogazynyň üstünden basylyp alnan Krym bilen birleşdirýän köpriniň üstündäki hereketiň wagtlaýyn togtadylandygyny habar berdiler.
Ýol hereketiniň togtadylmagynyň sebäbi görkezilmedi we, rus resmileriniň biraz soň beren habaryna görä, köprüdäki gatnaw derrew dikeldildi.
Bu köprä soňky aýlarda birnäçe gezek zyýan ýetirildi. Köprä edilen dron we raketa hüjümleri Kiýewden güman edildi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski iýul aýynda bu köpriniň "urşy ok-däriler bilen üpjün etmek üçin ulanylýandygyny, özem bu işiň her gün edilýändigini" aýtdy.
Şeýle-de, ol bu köriniň zyýansyzlandyrylmalydygyny aýtdy.
Forum