Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň energiýa pudagyny nyşana alýan mahaly, Rumyniýa serhet ýakasynda dron böleklerini tapdy


Çerkasi sebitine urlan raketa zarbasyndan soňky ýagdaý. 29-njy mart, 2024 ý.
Çerkasi sebitine urlan raketa zarbasyndan soňky ýagdaý. 29-njy mart, 2024 ý.

Russiýanyň 29-njy martda atan raketalary we uçuran pilotsyz uçarlary Ukrainanyň iň uly hususy elektrik firmasynyň, DTEK-niň üç sany ýylylyk elektrik stansiýasyna gönükdirildi, desgalara zyýan ýetirdi. Bu waka, Moskwa güýçleriniň Ukrainanyň energiýa pudagyna hüjüm edip, täze zarbalary uran mahalynda boldy.

"Enjamlara uly zyýan ýetdi. Hüjüm sowlanyndan soň, elektrik inženerleri derrew işe girişip, ýetirilen zyýany düzedip başladylar" diýip, kompaniýa Telegram habarlaşma programmasynda aýtdy.

Ukrain elektrik ulgamynyň operatory “Ukrenerho” 29-njy mart güni irden rus güýçleriniň öten agşam “energiýa desgalaryna ýene uly we birleşdirilen hüjüm bilen zarba urandygyny”, “merkezi we günbatar sebitlerdäki ýyladyş we suw elektrik stansiýalaryna zyýan ýetirendigini” habar berdi.

“Ukrenerho” Poltawa we Çerkasy sebitlerinde hem elektrik desgalaryna zarba urlan mahaly, ýurduň günorta-gündogaryndaky Dnipropetrowsk welaýatynda elektrik ulgamlarynyň gyssagly öçürilmegi ýaly çäreleriň görlendigini hem mälim etdi.

Bu aralykda, NATO-nyň agzasy Rumyniýa 28-nji martda giçlik Dunaý derýasynyň golaýyndaky we Ukraina bilen serhet ýakasyndaky fermada drondan, ýagny pilotsyz uçardan gelen ýaly bolup görünýän bölekleriň tapylandygyny aýtdy.

Russiýa gijelerine amala aşyrýan raketa we pilotsyz hüjümlerinde Ukrainanyň günbatar we merkezi sebitlerini nyşana alýar.

"2024-nji ýylyň 28-nji martynda agşam Insile Mare a Braileidäki oba hojalyk meýdanynda howa enjamyndan (pilotsyz uçardan) gelen ýaly bolup görünýän bölekler tapyldy" diýip, Rumyniýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Ministrligiň beýanatynda waka boýunça derňewiň başlandygy hem bellenildi.

Iň ulusy 22-nji martda urlan uly raketa we pilotsyz uçar zarbalary Ukrainanyň energiýa pudagyna eýýäm uly zyýan ýetmegine sebäp bolup, Kiýewi elektrik eksportyny togtatmaga we importa bil baglamaga mejbur etdi.

DTEK Russiýanyň hüjümlerinden soň öz kuwwatynyň 50 göterimini ýitirdi diýip, Ukrainanyň energiýa paýlaýjysy “Ýasno” şu hepde aýtdy.

29-njy martda irden ukrain telewideniýesi Ukrainanyň howa giňişliginde Russiýanyň kruiz raketalary tapylan mahaly, Iwano-Frankiwsk we Hmelnytskiý sebitlerinde we Dnipro şäherinde partlamalaryň eşidilendigini habar berdi.

Dnipronyň golaýyndaky Kamianske etrabyna edilen rus hüjümlerinde azyndan bäş adamyň, şol sanda 5 ýaşly çaganyň ýaralanandygyny, sebit resmileri aýtdylar. Resmiler hüjümde infrastrukturanyň, şol sanda hususy jaýlaryň nyşana alnandygyny hem bellediler.

Ukrain goşuny özüniň howa gorag güýçleriniň Russiýa tarapyndan gijäniň ýarynda uçurylan jemi 60 pilotsyz uçardan 58 sanysyny, atylan 39 raketadan 26 sanysyny weýran edendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG