Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow ýitirim boldy – garaşsyz neşirler


Allamyradow türkmen talyplarynyň hukuklaryny gorap eden protest çykyşlary bilen tanalýar.
Allamyradow türkmen talyplarynyň hukuklaryny gorap eden protest çykyşlary bilen tanalýar.

Russiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow üç gün bäri aragatnaşyga çykanok diýip, garaşsyz neşirler 7-nji dekabrda aktiwistiň egindeşlerine salgylanyp habar berdiler.

Allamyradow türkmen talyplarynyň hukuklaryny gorap eden protest çykyşlary bilen tanalýar.

2021-nji ýylda Galmygystanyň Elista şäherindäki döwlet uniwersitetiniň studenti wagty, ol türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtda okaýan talyplara pul geçirmek barada girizen çäklendirmelerine garşy bir adamlyk piket geçiripdi. Şonda Mälikberdini tussag etdiler we ol tas Türkmenistana deportasiýa edilipdi. Emma soňy bilen sud ony aklady.

Ol mundan soňam Internetde türkmen häkimiýetlerine garşy çykyşlaryny dowam etdirdi.

Mundan üç hepde töweregi ozal, ol özüniň alyp barýan işleri barada Azatlyga wideo arkaly gürrüň beripdi.

Türkmen talyby: Türkmenistanda özümi howpsuz duýanymda, watanyma dolanaryn
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:55 0:00

Mundan birnäçe aý ozal, ol Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy baradaky howatyrlar sebäpli, özüniň ýaşaýan ýerini üýtgetmeli bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG