Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Hersona uran zarbasynda iki adam öldi – regional resmi


Rus goşuny Hersony dowamly oka tutýar.
Rus goşuny Hersony dowamly oka tutýar.

Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Herson şäherine zarba urmagy netijesinde, soňky 24 sagadyň dowamynda, iki adam öldi, başga-da ýedisi ýaralandy. Bu barada regional häkim Oleksandr Prokudin 3-nji oktýabrda Telegram kanalynda mälim etdi.

“Russiýanyň harbylary regionyň ilatly nokatlaryna, bilim merkezlerine, kilisä, gumanitar edaranyň baş binasyna, söwda merkezine, ulag merkezine, fabrika we Herson şäheriniň möhüm infrastrukta desgalaryna zarba urdular” diýip, Prokudin aýtdy.

Geçen ýyl Hersonyň ýarpysyndan gowragy ukrain esgerleri tarapyndan azat edildi. Emma yza çekilen rus goşuny, Dnepr derýasynyň beýleki kenaryndan bu sebiti dowamly oka tutýar.

XS
SM
MD
LG