6-njy fewralda Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Harkiw regionynyň Zoloçiw ilatly nokadyna uran zarbasynda iki aýlyk bir bäbek öldi. Bu barada regional häkim Oleh Synýehubow Telegram kanalynda mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, Russiýanyň atan S-300 kysymly raketasy üç gatly bir myhmanhana düşende, onuň içidäki iki aýlyk bir oglan-bäbek heläk bolupdyr. Ol hüjümde üç aýalyň şikeslenip, keselhana äkidilendigini hem belledi.
Onuň sözlerine görä, hüjümde raýat infrastruktura desgalaryna we ulaglara hem zeper ýetipdir.