Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şäher häkimi: Pilotsyz uçarlar Moskwany nyşana alýar, edara jaýy uruldy

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Öten agşam bir pilotsyz uçar Moskwanyň edara binasyna gelip urdy, beýleki birnäçe dron şäheriň howa goragy tarapyndan urlup ýykyldy diýip, şäher häkimi Sergeý Sobýanin 1-nji awgustda, ir bilen aýtdy.

"Moskwa gelip ýetmäge synanyşan birnäçe pilotsyz uçar howa goragy ulgamlary tarapyndan urlup ýykyldy. Olaryň biri gelip, geçen gezekde bolşy ýaly, şäjherdäki şol bir binany urdy” diýip, Sobýanin telegramda hepde aýagyndaky hüjümde urlan binany nazarda tutup ýazdy.

TASS döwlet habar gullugynyň habaryna görä, bu hüjümden soň Moskwanyň Wnukowo halkara howa menzili gysga wagtlyk ýapyldy.

XS
SM
MD
LG