Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebit resmileri: Russiýa Odesa, Mykolaýewe hüjüm edip, 18 adamy ýaralady


Odesa urlan zarbadan soňky görnüş
Odesa urlan zarbadan soňky görnüş

Russiýa 20-nji iýulda Ukrainanyň günorta sebitlerine, Odesa we Mykolaýiwe tapgyr üçünji gün hüjüm edip, parahat adamlary ýaralady, galla ammarlaryna we ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirdi.

Mikolaýiwde şäher merkezinde ýerleşýän üç gatly ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde azyndan 18 raýat, şol sanda çagalar hem ýaralandy diýip, sebit häkimi Witaliý Kim aýtdy.

Odesada galla we nebit terminallaryna zarba uruldy, şäher merkezinde weýrançylyk boldy diýip, Odesa sebitiniň häkimi Oleh Kiper habar berdi.

Ukrainanyň howa goragy 23 pilotsyz uçary, 13 sany “Kalibr” raketasyny we bir Kh-59 ganatly raketasyny urup gaçyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG