Iosif Stalin gelip çykyşy boýunça Gürjüstandan bolup, ol 1920-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap, tä 1953-nji ýylda aradan çykýança Sowet Soýuzyny dolandyrdy. Azatlyk Radiosy onuň durmuşyndan käbir suratlara göz aýlady.
Staliniň ýaşlygy suratlarda
10
Iosef Stalin we onuň gyzy Swetlananyň 1935-nji ýyla degişli suraty. Swetlana 1926-njy ýylda doguldy. Ol Stalin we Nadežda Alliluýewanyň gyzydyr. Swetlana 1967-nji ýylda Sowet Soýuzynda iki ýetginjek çagany taşlap, ABŞ-a gaçyp gitdi. Ol SSSR-e dolanyp, 1984-1986-njy ýyllar aralygynda Gürjüstanyň Tbilisi şäherinde ýaşady. Soňra ol ýene-de ABŞ-a dolandy we şol ýerde hem rak keselinden aradan çykdy.
11
1980-nji ýyldaky Sowet kalendarynda çap edilen Staliniň suratlary.