Iosif Stalin gelip çykyşy boýunça Gürjüstandan bolup, ol 1920-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap, tä 1953-nji ýylda aradan çykýança Sowet Soýuzyny dolandyrdy. Azatlyk Radiosy onuň durmuşyndan käbir suratlara göz aýlady.
Staliniň ýaşlygy suratlarda
2
Iosif Staliniň ejesi Ketewan Ghaledze Jugaşwiliniň (1858-1937) portreti. Ol öý hojalykçy we tikinçi zenan bolupdyr. Bu surat takmynan 1930-njy ýyllara degişlidir.
3
Staliniň kakasy Besarion Wanowis Jugaşwili (1849/1850-1909). Ol aýakgap ussasy bolupdyr. Suratyň haýsy ýyla degişlidigi nämälim.
5
Staliniň birinji aýaly Ýekaterina (Kato) Swanidze (1885-1907), onuň bu portreti 1904-nji ýyla degişlidir. Olar 1906-njy ýylda Tbiliside durmuş gurupdylar. Ýekaterinanyň we Staliniň bir ogly bar. Ol 1907-nji ýylda dünýä inipdi. Ýekaterina 1907-nji ýylda inçekeselden heläk boldy. Ýekaterinanyň maşgala agzasynyň aglabasy, şol sanda gyz we oglan doganlary Beýik terrorçylyk döwründe asylyp öldürildiler. Ýakow Jugaşwili Ikinji jahan urşy döwründe Sowet artilleriýa ofiseridi. Ol 1941-nji ýylda nemesler tarapyndan tutulypdyr. Stalin Ýakow bilen öz ýesirligindäkileri çalyşmagy ret edensoň, ol 1943-nji ýylyň aprel aýynda näbelli halda ýesirlikde aradan çykdy.
7
Iosef Staliniň ikinji aýaly Nadežda Alliluýewa ogullary Wasiliy bilen bilelikde. Bu surat 1922-nji ýyla degişlidir. Olar 1919-njy ýylda, Stalin 41 we Nadežda 18 ýaşynda wagty durmuş gurdular. Nadežda 1932-nji ýylda resmi maglumatlara görä, köriçege keselinden heläk boldy. Käbir adamlar Nadeždanyň öz-özüni, käbirleri bolsa ony Staliniň öldürendigini aýdýarlar. Wasiliý 1921-nji ýylda doguldy. Ol Ikinji jahan urşy döwründe Sowet pilotydy. Stalin aradan çykandan soň, Wasiliý sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol 1960-njy ýylda azatlyga goýberildi. Şondan soň oňa öz harby formasyny geýmäge we medallaryny dakmaga rugsat berildi. Ol 1962-nji ýylda arakhorlukdan aradan çykdy.