Stambul şäherinde bolan bir durmuş toýunda Türkmenistanyň raýaty damagyndan pyçaklanyp öldürildi. Türk polisiýasy 33 ýaşyndaky Gylyç Buriýewi (türk metbugaty: Klyç Buriýew) pyçaklan şübheliniň tussag edilendigini mälim etdi, ýöne onuň şahsyýetini aýdyňlaşdyrmady. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýär.
“Waka 31-nji oktýabrda sagat 23:30 töwereginde Stambulyň Küçükçekmeje etrabyndaky Kemalpaşa raýonynyň Nebioglu köçesinde ýerleşýän toý zalynda boldy. Toýda iki toparyň arasynda näbelli sebäp bilen dawa ýüze çykdy. Soňra dawa pyçaklamaga çenli ýetdi. Damagyndan pyçaklanyp agyr ýaralanan 33 ýaşly türkmen raýaty Gylyç Buriýew, ony halas etmek boýunça ähli tagallalara garamazdan, hassahanada aradan çykdy” diýip, “Medýatava” neşiri 1-nji noýabrda habar berdi.
Türk metbugatyna görä, wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa işgärleri Buriýewiň Türkmenistanyň raýatydygyny we onuň wakanyň bolan wagty serhoşdugy aýdylýan R.T. tarapyndan pyçaklanandygyny anykladylar.
Şeýle-de, habarlarda şübheliniň Awjylar etrapçasynda geçirilen polisiýa operasiýasynda tussag edilendigi we onuň ýanynda wakada ulanylan pyçagyň hem tapylandygy bellenilýär.
“Buriýewiň jesedi, sud-medisina barlaglary tamamlanandan soň, maşgalasy tarapyndan Sud-medisina institutyndan alnyp gidildi. Buriýewiň jesediniň Türkmenistana äkidiljekdigi aýdylýar” diýip, türk neşiriniň maglumatynda aýdylýar.
Şeýle-de, onda polisiýa bölüminde soraga çekilen şübheliniň kazyýete we soňra bu ýerde tussag edilip, türmä iberilendigi hem bellenilýär. Türk media serişdelerinde şübhelini şahsyýeti we onuň haýsy ýurduň raýatydygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Metbugat habarlarynda merhum Buriýewiň Stambula işlemek ýa-da okamak üçin gelendigi hem anyklaşdyrylmaýar.
Azatlyk waka barada Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsulhanasy bilen habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji oktýabrda konsulhananyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda 10 ýyl çemesi wagt bäri ýiti duýulýan ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we gymmatçylygyň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň arasynda zähmet migrasiýasy üçin iň meşhur ýurtlaryň başynda gelýär.
Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä zähmet migrasiýasyna, ýaşamaga we okamaga gidýän türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany çap etmeýärler.
Türk Migrasiýa gullugynyň şu ýylyň awgust aýynda çap eden maglumatlaryna görä, ýaşamak üçin zerur bolan umumy ýaşaýyş rugsatnamasy esasynda Türkiýede ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda birinji orny Türkmenistanyň raýatlary eýeleýär.
Soňky sanlara laýyklykda, Türkiýede ýaşamaga resmi rugsady bolan türkmen raýatlarynyň sany 198 müň 386 adama barabardyr.
Türkiýede talyp ýaşaýyş rugsatnamasy bilen ýaşaýan daşary ýurtlularyň arasynda hem Türkmenistan birinji orny eýeleýär. Türk migrasiýasy ýurtda 57 müň 482 türkmen talybynyň bilim alýandygyny mälim etdi. Şeýle-de, Türkiýede gysga möhletli we maşgala sebäpli ýaşamak rugsatnamasyny alan türkmenistanlylaryň sany 48 müň 994 adama deňdir.
Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar bu ýurtda näresmi görnüşde ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň bu görkezilýän sanlardan hem köpdügini aýdyp, ençeme ýüz müň adama barabardygyny belleýärler.
Türk metbugatynda Türkiýedäki türkmenistanlylar, şol sanda olaryň jenaýatyň, aldawyň ýa-da ýol-ulag heläkçilikleriniň pidasy bolýandygy we beýleki ýagdaýlar barada wagtal-wagtal habarlar peýda bolýar.
Geçen aý Stambulda ýagan güýçli ýagşyň yz ýanynda gelen sil suwlarynda Türkmenistanyň bir raýatynyň heläk bolandygy mälim boldy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle-de olar barada türk metbugatynda çykýan maglumatlar hakda habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum