Türkiýe Respublikasynyň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türki döwletleri guramasynyň (TDG) 13-nji sammitiniň öňüsyrasynda, geçen hepdäniň ahyrynda Ankarada geçiren dabaraly agşam naharyna çagyrylanlaryň sanawy öňünden çaklap boljak, aýdyň bir sanawdy. Emma Erdoganyň iň ýakyn ýaranlaryndan biri bolan Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň bu çärä gatnaşmazlygy geň galdyryjy waka boldy.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň liderleriniň gatnaşmagyndaky, ýöne Ilham Aliýewiň gatnaşmadyk şol agşam naharynyň dowamynda Rejep Taýyp Erdogana ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp jaň etdi.
Azerbaýjan prezidentiniň bu çärä gatnaşmazlygy diňe bir Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklarda dörän dartgynlylygy görkezmän, eýsem ABŞ we ÝB tarapyndan goldanylýan iri sebit ulag we energetika taslamalaryna nähili täsir edip biljekdigi barada hem soraglary ýüze çykardy. Bu ýagdaý, esasanam, Ukrainada we Eýranyň töwereginde dowam edýän çaknyşyklar sebäpli, degişli döwletleriň täze, alternatiw ugurlary işjeň gözleýän döwründe has-da möhüm ähmiýete eýedir.
"Bu diplomatik düşünişmezlikler taslamalaryň ýatyrylmagyna getirmese-de, olar resminama işleriniň tassyklanmagyny, tehniki maslahatlary, maliýeleşdiriş proseslerini we syýasy ylalaşyklaryň gazanylmagyny haýalladyp biler" diýip sammite synçy hökmünde gatnaşan türk syýasy seljerijisi Hasan Oktaý belledi. Ol Ylham Aliýewiň gatnaşmazlygyny "Azerbaýjanyň özi üçin ýitgi" diýip häsiýetlendirdi.
Azerbaýjan metbugatynyň habar bermegine görä, Ilham Aliýew örän dykyz iş tertibi sebäpli bu çärä gatnaşyp bilmändir, şol gün onuň Bakuwda geçirilen ilkinji "FIFA U-15" (15 ýaşa çenli gatnaşyjylaryň) Dünýä kubogynyň we festiwalynyň ýapylyş dabarasynda baýraklary gowşurmagy meýilleşdirilipdir. Onuň agşam naharyna, şeýle-de Azerbaýjanyň TDG-däki başlyklygy Türkiýä geçen sammitine gatnaşmazlygy, iki ýurduň arasynda içerki we daşarky syýasata degişli birnäçe mesele boýunça barha artýan düşünişmezlikleriň fonunda dürli soraglaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Kynçylyk döredýän meseleleriň biri, Azerbaýjanyň Ysraýyl bilen ýakyn gatnaşyklarydyr.
Türkiýe Gaza zolagyndaky uruş sebäpli Ysraýyla garşy has-da berk we garşylykly pozisiýany eýelän hem bolsa, Baku Tel-Awiw bilen, şol sanda goranmak we energetika pudaklarynda strategik gatnaşyklaryny saklamagyny dowam etdirdi.
Sentýabr aýynda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň Birleşen Milletler Guramasynda eden çykyşynda Azerbaýjanyň wekiliniň hem gatnaşmagyndan soň, tankytlar has-da güýçlendi.
Öz gezeginde Baku, türk syýasatçylarynyň we metbugatynyň öz içerki işlerine hem-de daşary syýasat kararlaryna goşulmagy hökmünde görýän ýagdaýlara nägilelik bildirdi. Soňky aýlarda Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, ýurduň özygtyýarlylygyna, konstitusion gurluşyna we ýolbaşçylaryna garşy gönükdirilen diýlip hasaplan beýanatlar sebäpli, 31 sany türk raýatyny "islenmedik adam" (persona non grata) diýip yglan etdi.
Şeýle hem, Erdoganyň maslahatçylarynyň biri Oktaý Saralyň, şu aýyň başlarynda Azerbaýjanyň mekdeplerinde baş örtgüsine (hijaba) girizilen gadagançylyga garşy çykyş etmegi dartgynlylygy has-da güýçlendirdi. Soňra Saral maslahatçy wezipesinden boşadyldy.
Bu gapma-garşylyklara garamazdan, diplomatiki gatnaşyklar dowam edýär: sammitiň çäginde Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan öz azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.
Hökümetçi "AzerNEWS" neşiri üçin makala ýazan azerbaýjanly analitik Farman Aýdyn: "Aliýewiň sammitde bolmazlygy, öz-özünden gatnaşyklaryň üzülendigini aňlatmaýar" diýip belledi.
"Sammiti geçirip bolar. Onýyllyklaryň dowamynda gurlan gatnaşyklar, syýasy bir tupan sebäpli taşlanmaly däldir. Şeýle-de bolsa bu gatnaşyklary hemişe bar boljak zat ýaly kabul edip, oňa üns bermezlik hem bolmaz" diýip, Aýdyn ýazdy.
Bu gapma-garşylyklar Hazar sebitini Ýewropa bilen birleşdirýän ulag we energetika taslamalary üçin örän möhüm bir döwürde ýüze çykdy.
Russiýanyň Ukraina garşy urşy, rus serhetlerinden geçýän "Demirgazyk geçelgäni" gowşatdy; şol bir wagtyň özünde, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlylyk bolsa, günortadaky energetika we ulag ýollarynyň näderejede howp astynda durandygyny görkezdi. Bu ýagdaý, Günorta Kawkazdan geçýän alternatiw ýollaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ýewropa Bileleşigi, özüniň "Global Gateway" (Global Derweze) strategiýasynyň çäginde "Orta geçelgä" (Middle Corridor) ileri tutulýan ugur hökmünde garaýar. Elýeterli maglumatlara görä, bu ugur boýunça söwda göwrümi 2022-nji ýyldan bäri dört esse artypdyr.
Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, infrastruktura goýulýan azyndan 25 milliard dollarlyk maýa goýumlar, 2040-njy ýyla çenli daşalyş göwrümini üç esse köpeldip, tranzit wagtyny bolsa iki esse azaldyp biler.
Bu ugur Hytaýy we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirip, Gazagystan, Hazar deňzi, Azerbaýjan, Gürjüstan we Türkiýe arkaly geçýär.
Ýene bir möhüm başlangyç, ABŞ tarapyndan goldanýan we Azerbaýjanyň esasy çägini günorta Ermenistan arkaly onuň eksklawy bolan Nahçywan bilen, şeýle-de Türkiýe bilen birleşdirmegi maksat edinýän TRIPP taslamasydyr ("Halkara parahatçylyk we abadançylyk üçin Tramp ugry").
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ABŞ we Ermenistan taslamany durmuşa geçirmek boýunça goldan konsepsiýany iýun aýynda çarçuwaly ylalaşyga gol çekip tassykladylar.
Waşingtonyň pikirine görä, bu başlangyç söwdany giňeltmäge, üpjünçilik zynjyrlaryny berkitmäge, şeýle-de Merkezi Aziýa, Hazar sebiti we Ýewropa arasynda täze tranzit baglanyşyklaryny döretmäge ýardam berer. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem möhümdir.
Günorta gaz geçelgesi Günorta Kawkaz gaz geçirijisini, şeýle-de TANAP we TAP geçirijilerini öz içine alýar. Azerbaýjan gazynyň Gürjüstan we Türkiýe üsti bilen Ýewropa bazarlaryna daşalmagyny üpjün edýär.
Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi we Baku-Tbilisi-Erzurum gaz geçirijisi iki taraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň esasy bölekleri bolup durýar.
Oktaý häzirki wagtda işleýän geçirijileriň işiniň bozulmagynyň mümkin däldigini belleýär, emma geljekki maýa goýumlaryň we hyzmatdaşlygyň zyýan görüp biljekdigi barada duýdurýar.
"Bu taslamalar uzak möhletli täjirçilik ylalaşyklaryna, halkara konsorsiumlaryna we giň gerimli maýa goýum gatnaşyklaryna esaslanýar. Şonuň üçin, diplomatiki gatnaşyklaryň wagtlaýyn sowamagy bu geçirijileriň işiniň dessine bozulmagyna getirmez" diýip, ol belleýär. "Emma täze maýa goýumlar, geçirijilik kuwwatynyň artdyrylmagy we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi, syýasy gatnaşyklaryň nähili özgerjegine baglylykda täsirlenip biler".