Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň liderleri duşuşdy, bilelikdäki beýannama kabul edildi

Tazelendi
Duşuşyklara Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow öý eýeçiligini edýär.
Duşuşyklara Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow öý eýeçiligini edýär.

Türkmenistanyň Hazar kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Sammitiň netijesinde liderler bilelikdäki beýannama we hyzmatdaşlygyň bu görnüşini düzgünleşdirýän resminamalar baradaky karara gol çekdiler. Duşuşykda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag geçelgeleri we howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Transhazar ulag geçelgesini ABŞ-nyň goldaýan “Trampyň halkara parahatçylyk we abadançylyk ýoly” (TRIPP) taslamasy bilen utgaşdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bolsa alty ýurduň bilelikdäki önümçilik taslamalaryny ösdürmäge çagyrdy.

Duşuşyga Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow öý eýeçiligini etdi. Oňa Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy. Azerbaýjan 2025-nji ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa liderleriniň konsultatiw duşuşyklaryna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde goşulypdy.

Tokaýew täze ulag ugruny maslahatlaşmagy teklip etdi

Gazagystanyň prezidenti Transhazar halkara ulag geçelgesiniň, ýagny Hytaýy Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa birikdirýän Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ol bu geçelgäni TRIPP taslamasy bilen utgaşdyrmak meselesini häzirlikçe bilermenler derejesinde ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Tokaýewiň sözlerine görä, şeýle hyzmatdaşlyk sebit ýurtlarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýär.

ABŞ-nyň goldaw berýän TRIPP taslamasy Ermenistanyň çäginden geçip, Azerbaýjany onuň Nahçywan eksklawy bilen birleşdirjek ulag infrastrukturasyny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu ugur Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa çykmak üçin täze mümkinçilik döredip biler. Emma Awazadaky duşuşykda iki ulag geçelgesini birleşdirmek barada anyk ylalaşygyň gazanylandygy habar berilmedi.

"Trampyň halkara parahatçylyk we abadançylyk ýoly” (TRIPP) taslamasy ýa-da Kawkazyň kartasyndaky Zangezur geçelgesi
"Trampyň halkara parahatçylyk we abadançylyk ýoly” (TRIPP) taslamasy ýa-da Kawkazyň kartasyndaky Zangezur geçelgesi

Tokaýew sebitara söwdanyň möçberini hem artdyrmaga çagyrdy. Onuň aýtmagyna görä, geçen ýyl sebit ýurtlarynyň özara söwdasy takmynan 13 milliard dollara barabar bolup, olaryň umumy söwda dolanyşygynyň bary-ýogy 8 göterimini emele getiripdir. Gazak lideri bu görkezijini azyndan 20 milliard dollara ýetirmek üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Şeýle-de ol konsultatiw duşuşyklaryň netijeliligine ünsi çekip, 2018-nji ýyldan bäri öňe sürlen 200-den gowrak başlangyjyň diňe az böleginiň durmuşa geçirilendigini aýtdy. Tokaýew daşary işler ministrliklerini öňki teklipleri gaýtadan gözden geçirmäge çagyrdy.

Mirziýoýewiň ykdysady başlangyçlary

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew sebit ýurtlarynyň diňe özara söwda bilen çäklenmän, bilelikde önüm öndürmäge geçmelidigini aýtdy. Ol munuň üçin “alty ykdysadyýet – bir önüm” ýörelgesini teklip etdi.

Mirziýoýew 2027-nji ýylda Özbegistanyň Hywa şäherinde Merkezi Aziýa we Azerbaýjan işewürlik forumyny geçirmegi, şeýle hem bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna maliýe we tehniki goldaw berýän ýörite platformany döretmegi teklip etdi.

Özbek lideri suw serişdeleriniň ýetmezçiligine, howanyň üýtgemegine hem-de Owganystan bilen suw meseleleri boýunça yzygiderli gepleşikleriň zerurdygyna ünsi çekdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bolsa Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalarynyň artýandygyny aýtdy. Onuň maglumatyna görä, Orta geçelge boýunça tranzit ýükleriň möçberi geçen ýyl 10 göterimden gowrak, şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda bolsa ýene 20 göterime golaý artypdyr.

Aliýew Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistandan we Gazagystandan nebit daşalýandygyny, bu ugurdaky iberişleriň hem köpelýändigini belledi. Ol Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň geçen ýyl 50 göterimden gowrak artandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşyklara goşulmagyny möhüm netije hökmünde häsiýetlendirdi. Ol munuň Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Sammitiň indiki duşuşygyna Azerbaýjan başlyklyk eder. Berdimuhamedow ony taýýarlamakda türkmen tarapynyň goldaw berjekdigini aýtdy.

Türkmen-özbek şertnamasyna gol çekildi

Awazadaky çäreleriň çäginde Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew aýratyn duşuşyk geçirdi.

Özbegistanyň prezidentiniň edarasy gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda Ýokary strategik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek hakynda şertnama gol çekilendigini habar berdi.

Taraplar söwda dolanyşygyny artdyrmak, energetika, ulag we oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy.

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen hem aýratyn duşuşdy. Azerbaýjan prezidentiniň edarasyna görä, gepleşiklerde ulag, tranzit, logistika we Hazar deňzi bilen bagly hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA we Hazar sammitleri: Putin bilen Pezeşkianyň duşuşygy

Awazada ýokary derejeli gepleşikler 9-njy oktýabrda hem dowam eder. Bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň sammiti we Hazar ekologiýa sammiti geçiriler. Olara Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkianyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Putiniň Türkmenistana sapary 8-9-njy oktýabra bellenen. Interfax agentliginiň Kremliň kömekçisi Uşakowa salgylanyp habar bermegine görä, Russiýanyň prezidenti 8-nji oktýabrda Serdar Berdimuhamedow bilen aýratyn duşuşar.

Eýranyň Tasnim agentligi Pezeşkianyň 8-nji oktýabrda Türkmenistana gitmeginiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Eýran prezidenti GDA-nyň giňeldilen mejlisine ýörite myhman hökmünde çagyryldy. Ol Hazar ekologiýa sammitine hem gatnaşar.

Uşakowyň maglumatyna görä, Putin bilen Pezeşkianyň özara duşuşygy 9-njy oktýabrda, sammitler tamamlanandan soň geçiriler. Onda iki ýurduň hyzmatdaşlygy bilen birlikde Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň hem maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Kremliň kömekçisi GDA-nyň ýapyk mejlisinde beýleki liderleriň haýyş etmegi bilen Putiniň Ukrainadaky uruş barada hem maglumat berip biljekdigini aýtdy.

Bu duşuşyklar Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň hem-de ABŞ-Eýran gapma-garşylygynyň dowam edýän döwrüne gabat gelýär.

Taýýarlyklaryň dowamynda dynç alýanlar çykaryldy

Azatlyk Radiosy bu halkara çärelerine görülýän taýýarlyklaryň çäginde Awazanyň myhmanhanalarynda dynç alýanlaryň möhletinden öň öýlerine ugradylýandygyny, Türkmenbaşyda we Awazada howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar beripdi.

Habarçynyň söhbetdeş bolan myhmanhana işgäriniň aýtmagyna görä, myhmanlardan 1-nji oktýabrda çykjakdyklary barada dil haty alnypdyr, emma olar 28-nji sentýabrda çykarylypdyr. Öýlerine gaýtmaga mejbur bolan myhmanlaryň käbirine munuň howpsuzlyk zerurlygy bilen baglanyşyklydygy düşündirilipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG