Soňky bir hepdäniň dowamynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby we Ahal welaýatynyň Änew şäheri birnäçe gezek güýçli sil suwlaryndan ejir çekdi. Sil suwlary onlarça ýaşaýyş jaýyna, köçelere, maldarçylyga we ekerançylyga zyýan ýetirdi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu tebigy hadysalar barada dymýan mahaly, ýerli resmiler ilata sil suwlaryny wideo düşürmezligi we sosial ulgamlarda paýlaşmazlygy duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 10-njy aprelde Ahaldan we Marydan maglumat berdiler.
“Marçak 2 we Marçak 1, şeýle-de Durdyýew, Gojaly, Baş beden we Söýünli obalary Tagtabazaryň dag etek obalary bolup, bu sebitlerde geçen hepdäniň ahyryndan bäri güýçli ýagyş ýagmagy we munuň netijesinde dagdan sil suwlarynyň gelmegi dowam edýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň we köçeleriň onlarçasyna zyýan ýetdi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Marçakly ýaşaýjylaryň birnäçesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatlarynda oba-hojalyk ekinleriniň hem sil suwlaryndan ejir çekendigini gürrüň berdi.
“Şeýle-de, ownuk şahly mallaryň hem onlarçasy suwuň aşagynda galyp, heläk boldy” diýip, marçakly ýaşaýjy belledi.
Häzir bu sebitlerde serhet galalaryna degişli esgerler tehnikalaryň kömegi bilen sil suwlarynyň öňüni almaga çalyşýarlar. Ýerli ýaşaýjylar bu çäreleriň sil suwuny aradan aýyrmaga az bolsa-da ýardam berýändigini aýdýarlar.
Sil suwlary ýaşaýyş jaýlarynyň üçegine çenli ýetdi
“Serhet galalaryna degişli esgerleriň we serhetçi ofiserleriň käbirleri ýatman, gije-gündiz sile garşy göreşýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly tagtabazarly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Sil suwlary Ahalyň Änew şäherine hem ýiti täsir etdi. Onuň Magtymguly obasynyň dag etek bölegindäki peslikde ýerleşýän köçelerinde sil suwlary ýaşaýyş jaýlarynyň üçegine çenli ýetdi.
Bu ýagdaýlar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan wideo düşürilip, sosial ulgamlarda hem paýlaşyldy. Soňky birnäçe günüň dowamynda sosial ulgamlarda şeýle wideolaryň onlarçasynyň çap edilendigini görse bolýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu tebigy hadysalar we bularyň ilata, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryna, ekerançylyk meýdanlaryna we mallara ýetiren zyýany barada hiç hili maglumat bermeýärler.
Şeýle-de, ýerli häkimiýetler zyýan çeken hojalyklaryň ýaşaýyş jaýlaryny abatlamaga, çeken zyýanlary üçin kömek etmäge hem howlukmaýarlar.
Muňa derek, ýerli resmiler ilata sil suwlaryny wideo düşürmezligi we sosial ulgamlarda paýlaşmazlygy duýdurýarlar.
"Hökümet kömege derek wideo paýlaşanlar bilen kowalaşýar"
“Gynansak-da, hökümet ýardam bermäge derek TikTok-da wideo paýlaşanlar bilen kowalaşyp aýlanyp ýör. MHM we polisiýa tebigy hadysalar barada wideo paýlaşanlary, hat-da kommentariý ýazanlaram gözläp tapyp, ýygnaýar. Änewde ýüzlerçe öý suw aşagynda galdy – munuň aladasy edilmeýär” diýip, änewli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk tebigy hadysalarda adam pidalarynyň bolandygyny ýa-da bolmandygyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Redaksiýamyzyň bu barada degişli ýerli häkimiýetler, şol sanda adatdan daşary gulluklar bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bu aralykda, habarçylarymyz Tagtabazarda we Magtymgulyda sil suwlary sebäpli alakalaryň, ýylanlaryň we dürli süýrenjileriň köpelendigini we munuň ilatyň howpsuzlygyna, saglygyna ýiti zyýan ýetirip biljekdigini aýdýarlar.
“Häzirlikçe olary arassalamak, öňüni almak boýunça çäre görülmeýär. Ýöne ýerli häkimiýetler giň derejede bolmasa-da, güýçli ýagynlaryň 16-njy aprele çenli dowam etjekdigini aýdyp, ýene sil gelmek howpunyň bardygyny duýdurýarlar” diýip, magtymgulyly ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda soňky ýyllarda adatdan daşary tebigy hadysalar, şol sanda ýagynly, duzly, tozanly tupanlar ýygy-ýygydan gaýtalanýar, suw joşmalary döreýär we ýaşaýyş ýerlerini sil basýar.
Türkmen häkimiýetleri adatça ilatyň durmuşyna we howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýän şeýle tebigy hadysalar we olaryň netijeleri barada aç-açan çykyş etmeýärler. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tebigy hadysalar barada öz wagtynda habar bermeýär ýa-da asla gürrüň gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum