Täjigistan nebiti we nebit önümlerini indi Eýrandan alýandygyny yglan etdi, bu bolsa ýangyç üpjünçiliginde uzak wagtlap Orsýetiň agalygynda bolan ýurt üçin täze energiýa çeşmesini açýar.
Nebit we gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada iki ýurduň arasyndaky gepleşiklerden soň, awgust aýynyň ahyrynda ýük daşalyp başlandy diýip, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi "Asia-Plus" habar agentligine aýtdy.
Ministrlik ýük daşamalaryň möçberini, olaryň täjirçilik şertlerini ýa-da nebitiň we nebit önümleriniň Täjigistana nähili daşalandygyny mälim etmedi.
Bu hereket, Waşington Tähranyň nebit girdejilerine basyşyny güýçlendirýärkä Eýran bilen iş alyp barýan ýurtlar üçin ABŞ-nyň ikinji derejeli sanksiýalarynyň mümkindigi baradaky soraglary hem döredýär.
Adynyň agzalmazlygyny haýyş eden ABŞ-nyň Gazna gullugynyň resmisi, ministrligiň sanksiýalaryň bozulmagy baradaky anyk maglumatlara teswir bermejekdigini aýtdy, ýöne Eýranyň nebit we nebit-himiýa pudaklarynyň sanksiýalaryň artýan töwekgelçiligine sezewar bolýandygyny duýdurdy.
"Şol pudakda işleýänleriň her biri eger şeýle etmegini dowam etdirse, özi hem şol töwekgelçilige sezewar bolýar" diýip, resmi Azatlyk Radiosyna elektron poçta arkaly beren jogabynda aýtdy.
Täjigistan Eýrandan her ýyl 2,55 million tonna çig nebiti we nebit önümlerini, şol sanda benzin, dizel we uçar ýangyjyny sorady. Emma bu san häzirki wagtda iberilýän möçberden has köp bolup, isleg bildirilýän ýa-da mümkin bolan möçberi görkezýär.
Eýranyň üpjünçiligine tarap öwrülmek Duşenbä alternatiw mümkinçilik berip biler, emma deňze çykalgasy bolmadyk Täjigistana eýran nebitiniň uly möçberiniň daşalmagyň ykdysadyýeti we logistikasy belli däl. Nebit ylalaşygy, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Täjigistanyň nebit önümleriniň importynyň 91 göteriminden gowragyny üpjün eden Orsýetiň öz ýangyç üpjünçiligine degişli dowam edýän näbellilige gabat geldi.
Ukrainanyň dron hüjümleriniň Orsýetiň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna zarba urmagy ýurduň ýangyç ýetmezçiligini has-da güýçlendirdi, şeýle-de eksport çäklendirmeleri, Täjigistany we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryny alternatiw çeşmeleri gözlemäge iterdi.
Iýul aýynda täjik häkimiýetleri geljekki üpjünçiligi berjaý etmek üçin goňşy ýurtlar bilen gepleşik geçirýändigini aýtdylar.
Täjik syýasy analitiki Parwiz Mullojonow Eýranyň goşmaça üpjünçilik çemesini gözlemek boýunça hereketleriniň, bölekleýin, Täjigistanyň özüni alternatiw energiýa çeşmeleri bilen berjaý etmek zerurlygy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Gatnaşyklaryň maýlamagy
Eýrana iberilýän nebit Duşenbe bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da maýlamagy bilen hem baglanyşykly.
"Eýranyň Täjigistana nebit satyp başlandygy baradaky habar Duşenbe bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň maýlamagy we olaryň ýakynlaşmagy bilen baglanyşykly boldy" diýip, Merkezi Aziýa işleri boýunça "Oksus" jemgyýetiniň prezidenti Edward Lemon aýtdy.
Dil we taryhy taýdan ýakyn Täjigistan bilen Eýran 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdular. Täjigistanyň Daşary işler ministrligi ikitaraplaýyn söwdanyň 2025-nji ýylda 438 million dollara ýetendigini, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarlanandygyny we ýurtlaryň 200-den gowrak ylalaşyklara we memorandumlara gol çekendigini aýdýar.
Maý aýynda Duşenbede geçirilen Täjik-Eýran hökümetara toparynyň mejlisinde resmiler energiýa, ulag, senagat, maýa goýum, ylym we tehnologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň goranmak ugrundan hem gatnaşyklary bar. 2022-nji ýylda Eýran bilen Täjigistan Duşenbede Eýran tarapyndan öndürilen "Ababil-2" dronlaryny öndürmek üçin niýetlenen dron öndürýän zawody açdylar.
Emma iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe ýakyn bolmandy. 2010-njy ýyllaryň ortalarynda gatnaşyklar düýpgöter ýaramazlaşypdy, sebäbi Duşenbe Täjigistanda gadagan edilen "Yslam galkynyş" partiýasynyň Tähran tarapyndan goldanmagynyň ähtimallygy barada şübhe bildirdi.
2017-nji ýylda Duşenbe Tährany 1990-njy ýyllarda Täjigistanda ýüze çykan birnäçe syýasy adam öldürmelere gatnaşmakda aýyplady, Tähran bolsa aýyplamany ret etdi.
Gatnaşyklar 2020-nji ýyllaryň başynda ýumşap başlady. 2022-nji ýylda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Tährana sapar etdi we iki tarap diplomatik, söwda we howpsuzlyk gatnaşyklaryny güýçlendirmäge söz berdi.
Sanksiýa meselesi
Täjik ilçihanasynyň habaryna görä, awgust aýynda Tährana sapar eden täjik delegasiýasy Eýranyň nebit önümleri we demir ýollary üçin jogapkär resmileri bilen gepleşikleri geçirdi, energiýa üpjünçiligi we logistika meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Emma Waşington Tährana basyşyny artdyrýarka, Eýran bilen has ýakyn energiýa hyzmatdaşlygy Duşenbe üçin kynçylyklary döredip biler.
ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary we maliýe edaralary Eýranyň nebiti we nebit önümleri bilen baglanyşykly käbir möhüm geleşikler üçin sanksiýalara sezewar edilip bilerler.
Şeýle hem ABŞ-nyň Gazna gullugynyň resmisi Eýran režimi bilen iş alyp barmagyny dowam etdirýänleriň ikinji sanksiýalaryň täsirine düşýändigini nygtady we Eýranyň peýdasyna pul ýuwmak ýa-da sanksiýalardan gaça durmak işini alyp barýan islendik gurama üçin ABŞ-nyň maliýe ulgamyndan aýrylmak howpunyň bardygyny aýtdy.
Gazna ministrligi Eýranyň nebiti bilen baglanyşykly sanksiýalaryň täsirine düşmek barada birnäçe gezek duýduryş berdi we awgust aýynda ikinji sanksiýalary döredip biljek hereketleriň giňelýändigini yglan etdi.
Döwlet departamentiniň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna elektron poçta arkaly beren jogabynda Birleşen Ştatlaryň Eýranyň harby we ýarag ýaýratmak işlerini, satyn alyş meýilnamalaryny, zyýanly kiber operasiýalaryny we Waşingtonyň Eýran režiminiň "zyýanly hereketi" diýip atlandyrýan bikanun nebit söwdasyny "bozmagyny, paş etmegini we ýok etmegini" dowam etdirjekdigini aýtdy.
Metbugat wekili halkara jemgyýetçiligini gatnaşýanlary jogapkärçilige çekmekde Birleşen Ştatlara goşulmaga çagyrdy.
Lemon, Duşenbäniň Eýrandan önüm satyn satyn almagyny artdyrýan mahaly, ikinji sanksiýalaryň mümkinçiligini hem hasaba almalydygyny aýtdy.
"Elbetde, Täjigistan şeýle ýurtlaryň biri bolup biler" - diýip, ol aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, Lemon, Waşingtonyň gatnaşyklara näderejede çynlakaý garaýandygyny kesgitlemekde täjik-eýran hyzmatdaşlygynyň möçberiniň möhüm bolup biljekdigini aýtdy.
"Hyzmatdaşlygyň möçberi Orsýet ýa-da Hytaý ýaly ýurtlardan tapawutlylykda örän pes" - diýip, ol belledi.
Mullojonow Täjigistanyň öz ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutup, ABŞ, Orsýet, Hytaý, Türkiýe we beýleki güýçler bilen gatnaşyklary deňagramlaşdyrmaga çalyşýandygyny aýtdy.
"Diplomatiki deňagramlylygy saklamak örän kyn, sebäbi bu global güýçleriň köplenç gapma-garşylykly gün tertibi bar" - diýdi Mullojonow aýtdy.
Häzirlikçe Eýranyň nebitiniň Orsýetiň nebit üpjünçiligine möhüm alternatiwa bolup biljekdigi belli däl.
AÝ/AR teswir sorap, Täjigistanyň Energetika we Daşary işler ministrliklerine ýüz tutdy, ýöne jogap almady.