Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan Hytaýyň telekom ulgamy bilen baglanyşyk gurar


Pekiniň Merkezi Aziýadaky täsiriniň artmagy netijesinde, Täjigistan 17-nji noýabrda daglyk, daşy gury ýer bilen gurşalan ýurduň internet aragatnaşygyny gowulandyrmak maksady bilen, Hytaýyň telekommunikasiýa ulgamy bilen baglanyşyk gurmakçy bolýandygyny aýtdy.

Täjigistan, soňky ýyllarda bolup geçen ilerlemelere garamazdan, hökümet monopoliýasynyň gözegçiliginde saklanýan merkeze berk bagly bolansoň, dünýädäki bir iň haýal internet hyzmatlarynyň biri bilen tanalýar.

Bu taslama, döwlet eýeçiligindäki “Howar” habar gullugynyň maglumatyna görä, ýurduň paýtagty Duşenbäni we Hytaý bilen serhetde ýerleşýän şäheri biri-birine baglajak uly awtoulag ýolunyň gurluşygynyň gapdalyndan amala aşyrylar.

XS
SM
MD
LG