Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan tebipçilik, palçylyk üçin berilýän jezalary güýçlendirýär


Palçylar
Palçylar

Täjigistan jadygöýlige, palçylara, näsag, maýyp adamlary “bejermek bilen meşgullanýan” tebiplere garşy alnyp barylýan kampaniýanyň çäginde, bu hili hereketler üçin berilýän jezalary güýçlendirdi.

Ýurduň Jenaýat kodeksine geçen hepde girizilen üýtgetmelere görä, jadygöýler we palçylar indi bu hili hereketleri üçin iki ýyl azatlykdan mahrum ediler ýa-da 144,000 somoni (13,350 dollar) jerime tölemeli bolar.

Mundan öň, 2008-nji ýyldaky kanuna laýyklykda, jadygöýlik üçin berilýän jezada azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulmaýardy, palçylyk üçin bolsa 3000 somoni (280 dollar) jerime berilýärdi.

Jadygöýlige garşy alnyp barylýan kampaniýa soňky hepdelerde maýyp adamlary “bejermek çärelerini” geçirmek, jadygöýlik, palçylyk we tebipçilik bilen pul gazanan erkekleriň we aýallaryň “toba edýän” wideolary görkezilenden soň güýçlendi. Ýöne ol wideolaryň nirede we haýsy şertlerde düşürilendigi aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG