Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda dilegçilik edýän iki çaga ene-atalaryndan alyndy

Geçen ýyl täjik paýtagtynda 1300-den gowrak ene-ata çagalaryna dogry terbiýe we bilim bermeýändigi üçin jezalandyryldy.
Geçen ýyl täjik paýtagtynda 1300-den gowrak ene-ata çagalaryna dogry terbiýe we bilim bermeýändigi üçin jezalandyryldy.

Duşenbe şäheriniň Sino etrabynda iki sany 12 ýaşly çaga, kazyýet karary bilen, ene-atalaryndan alnyp, şäheriň 1-nji internat mekdebine ýerleşdirildi.

"Asia-Plus" neşiriniň Duşenbe şäheriniň Içeri işler bölümine salgylanyp beren maglumatyna görä, çagalar sergezdanlyk we dilegçilik üçin birnäçe gezek polisiýa bölümine getirilipdir.

“Berk duýduryşlara garamazdan, ene-atalar geleňsizlik edip, alan pullaryny şahsy bähbitleri üçin ulanmak bilen, çagalarynyň dilegçilige baş goşmagyna ýol berdiler” diýip, paýtagtyň polisiýasy habar berdi.

Ene-atalara Täjigistanyň Maşgala kodeksiniň 73-nji maddasynyň ("Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmezden, çagany maşgaladan aýyrmak") düzgünleri boýunça çäre görüldi.

Bu çagalar häzirki wagtda internat mekdebinde ýaşaýarlar, ol ýerde olara bilim, terbiýe we mundan beýläkki ösüş üçin şertler döredilýär.

Täjik häkimiýetleri iki ýyl mundan ozal çaga terbiýelemek borçlaryny ýerine ýetirmedik ene-atalara edilýän gözegçiligi güýçlendirdiler. Ene-atalara düzgün bozulmalarynyň çagalarynyň alnyp, ýöriteleşdirilen edaralara ýerleşdirilmegine sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berildi.

Duşenbe şäheriniň Içeri işler bölüminiň maglumatlaryna görä, geçen ýyl täjik paýtagtynda 1300-den gowrak ene-ata çagalaryna dogry terbiýe we bilim bermeýändigi üçin çäre görüldi.

XS
SM
MD
LG