Täjik prokurorlary 26-njy fewralda Ýokary suddan polisiýanyň ozalky polkownigi Akmal Ýusufzodany uniwersitetiň bir mugallymyny alyp gaçyp, soňy bilen hem öldürmek aýyplamalary esasynda 20 ýyl türmä höküm edilmegini soradylar.
Geçen ýylyň iýunynda Ismoiljon Rahmonow näbelli şahslar tarapyndan alnyp gaçyldy we soňundan onuň elleri arkasynda daňylgy ýagdaýda, bir derýa oklandy.
Bu jenaýata ilteşikli bolmakda güman edilip, Ýusufzoda bilen birlikde onuň bir garyndaşy – Ismoiljon Şukurow hem tussag edildi.
Prokurorlar Şukorowa, adamy alyp gaçmaga hemaýat bereni üçin, 12 ýyl tussaglyk soradylar.
Derňewçileriň maglumatyna görä, Ýusufzodanyň hereketleri gabanjaňlykdan ugur alypdyr, ýagny ol Rahmonowyň aýaly bilen gatnaşyk etmekde şübhelenipdir.