Belarusyň häkimiýetleri "Talyban" toparynyň delegasiýasynyň peýnir öndürýän zawoda baryp görmegi hem öz içine alýan sapary barada peýda bolan suratlary gizleýän ýaly bolup görünýär.
"Talyban" toparynyň resmileriniň Belarusyň merkezindäki "Slutz" peýnir öndürýän zawoda baryp görendikleri barada ýerli habar serişdeleri 21-nji awgustda habar berdiler, ýöne soňra bu maglumatlar olaryň web sahypasyndan we sosial media kanallaryndan pozuldy.
"Talyban" toparynyň delegasiýasynyň sapary barada paýlaşylan bir maglumat hem, Belarusyň Milli Ylymlar Akademiýasy bilen baglanyşykly web sahypadan pozulan ýaly bolup görünýär.
Ýerli “Slutzky Krai” neşiriniň habaryndan alnan birnäçe surat, pozulmazdan ozal, internetde giňden paýlaşyldy we oppozisiýa metbugaty tarapyndan ýygnaldy.
Kommentatorlar, teswirçiler gender esasly repressiýalary bilen giňden tanalýan režimiň resmileriniň belarus aýallarynyň iýmit we çaga süýtlerini görkezýän çykyşlaryny diňleýändigini belläp, olaryň hereketleriniň döreden täsirli "wizual effektine" ünsi çekdiler.
"Talyban" tarapyndan dolandyrylýan Owganystanda aýallardan doly örtülen eşik geýmek talap edilýär we soňky aýlarda yslamçy režim aýallara degişli geýim talaplaryny güýç ulanyp, rehimsizlik bilen güýje girizdi.
Belarusyň bosgunlykdaky oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda suratlaryň öz ýurdundaky häkimiýetleriň "ikiýüzlüligini" hem açyp görkezýändigini aýtdy.
“Bir tarapdan, režim belarus žurnalistlerini, aktiwistlerini we raýat jemgyýeti toparlaryny “ekstremistler” we “terrorçylar” diýip yglan edýär. Beýleki tarapdan bolsa, ol “Talybanyň” wekillerini sessiz garşylaýar we olar bilen iş gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşýar” diýip, ol aýtdy.
Tihanowskaýa bu suratlar bilen baglanyşykly jedelleriň käbir böleginiň Minskiň ösdürýän diplomatik gatnaşyklaryna bolan giň nägilelikden gelip çykýandygyny aýtdy.
“Belarusyň halky Lukaşenkonyň Belarusyň dostlary hökmünde kimi saýlaýandygyny görýärler. Olar izolýasiýany saýlamadylar. Olar "Talyban", Demirgazyk Koreýa ýa-da beýleki diktaturalar bilen hyzmatdaşlygy saýlamadylar” diýip, ol aýtdy.
Minskiniň doly diýen ýaly dymyşlygyndan tapawutlylykda, "Talybanyň" Oba hojalyk ministrligi delegasiýanyň Belarusa sapary barada birnäçe maglumat çap etdi we Owganystanyň birnäçe habar web sahypasy hem bu sapar barada habar berdi.
“Ariana” habar web sahypasy bu sapary “häzirki zaman önümçilik tehnologiýalaryny öwrenmek” we Owganystanda şuňa meňzeş kärhanalary döretmek mümkinçiligi üçin Belarusda bäş gün geçiren 13 adamdan ybarat “ýokary derejeli owgan delegasiýasy” hökmünde häsiýetlendirdi.
Owganystanyň habar agentlikleriniň maglumatlarynda diňe erkekleriň suratlary ulanyldy.
Belaruslaryň käbirleri "Talyban" toparynyň wekiliýetiniň daş keşbiniň Sowet goşunlarynyň Owganystana çozuşyna garşy göreşen "mujahedinler" bilen meňzeşdigini aýtdylar. On müňlerçe belarusly sowet-owgan urşunda söweşdi we onuň dowamynda 700-den gowrak belarusly öldi.
“Meniň pikirimçe, Owganystanda söweşen sowet esgerleri biraz şok ýagdaýynda” diýip, teswir ýazan bir sosial media ulanyjysy aýtdy. Başga biri bolsa, “Olary wepat bolan internasionalist esgerleriň ýadygärligine äkiderlermi?” diýip, kinaýa bilen sorady.
"Talybanyň" Belarusa soňky sapary bilen baglanyşykly emele gelen dawa-jenjel, awgust aýynyň başynda "Talybanyň" wekilleriniň Moldowa sapary sebäpli bu ýurtda dörän syýasy dawa-jenjeliň yz ýanyna gabat geldi.
Şonda Kabuldaky häkimiýetler "Talybanyň" Oba hojalyk ministrliginiň agzalarynyň Moldowa eden bu saparynyň, "iki ýurduň arasyndaky amaly we tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşmak üçin", Kişinewiň çakylygy bilen amala aşyrylandygyny öňe sürdüler.
Şondan gysga wagt soň, Moldowanyň Daşary işler ministrligi "delegasiýanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýa-da resmi gatnaşyklaryň bolmajagyny" nygtaýan beýanat ýaýratdy. Moldowanyň häkimiýetleri üç owganystanlynyň Gündogar Ýewropa ýurduna girmek üçin wizany nädip alandygy barada derňew başlatdylar.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri 2021-nji ýylda Owganystandan çykarylandan soň, Russiýa "Talybany" Owganystanyň kanuny hökümeti hökmünde resmi taýdan ykrar eden ýeke-täk ýurtdur.
Hytaý, Gazagystan we Özbegistan ýaly birnäçe ýurt "Talyban" hökümetini resmi taýdan ykrar etmezden, onuň bilen gatnaşyklary saklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.