Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal garagalpak aktiwisti Almatyda tussag edildi

Akylbek Muratbaý 
Akylbek Muratbaý 

Gazak polisiýasy tanymal garagalpak aktiwistini Almatydaky öýünde tussag etdi diýip, aktiwistiň ýoldaşy 15-nji fewralda Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Gazagystanda ýaşaýan garagalpak aktiwisti Özbegistanyň çykaran tussaglyk karary esasynda saklandy.

Akylbek Muratbaý Gazagystanyň etniki garagalpak diasporasynyň tanymal wekili bolup, 2022-nji ýylda Özbegistanyň demirgazyk-günbataryndaky awtonom sebitde, öz dogduk mekany Garagalpagystanda bolan görlüp-eşidilmedik halk protestleri we häkimiýetleriň olary basyp ýatyrmak üçin gören ganly çäreleri, soňky ýagdaýlar barada daşary ýurt habar beriş serişdelerine ýygy-ýygydan öz pikirini aýdýar.

Şeýle-de, özi hem özbek pasportyny göterýän Muratbaý, bolan zorlukly wakalardan soň Gazagystanda, Özbegistanyň haýyşy boýunça tussag edilen diaspora agzalarynyň hukuklaryny gorady.

Ýoldaşy Indira Beýssembaýewanyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, Muratbaý ýerli wagt bilen sagat 10 töwereginde, raýat eşigini geýen gazak polisiýasy tarapyndan tussag edildi.

“[Muratbaý] maňa ýaňyja jaň etdi” diýip, ol aýtdy.

“Ol özüniň Almatydaky Içeri işler bölümine alnyp gidilýändigini, Özbegistanyň haýyşy boýunça, Garagalpagystan meselesi bilen baglanyşykly tussag edilendigini aýtdy" diýip, Indira Beýssembaýewa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG