Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal gyrgyz aktiwisti Zarina Torokulowa tussag edildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Bişkekdäki Birinçi Maý etrap kazyýeti 11-nji sentýabrda tanymal syýasy aktiwist Zarina Torokulowanyň iki gün öň, kesgitlenmedik aýyplamalar esasynda, azyndan 30-njy oktýabra çenli deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Torokulowa geçen hepde tussag edildi. Metbugat serişdeleri şonda Torokulowanyň "köpçülikleýin tolgunyşyklara" gatnaşmakda aýyplanýandygyny habar berdiler.

Ýöne soň bu iş boýunça goşmaça maglumat berilmedi. Torokulowanyň aklawçylary-da, garyndaşlary-da hiç bir düşündiriş bermedi. Torokulowa sosial mediadaky ýazgylarynda gyrgyz hökümeti barada edýän tankydy bellikleri bilen tanalýar.

XS
SM
MD
LG