Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystanda ýetginjekleri goranyş kärhanalarynda işletmek isleýärler


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Tatarsytanyň häkimiýetleri ýaşlary we ýetginjekleri 14 ýaşdan goranyş kärhanalarynda işlemäge çekmegi meýilleşdirýär diýip, “Kommersant” ýaşlaryň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin işlenip düzülen täze sebit maksatnamasyna salgylanyp ýazýar.

Resminamanyň taslamasy sebit hökümeti tarapyndan taýýarlandy. Häkimiýetler 14-18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň işe ýerleşmegini ýönekeýleşdirmegi we olara, okuwdan boş wagtlarynda, zawodlarda işlemek rugsadyny bermegi teklip edýär.

Maksatnamany işläp düzenleriň tassyklamagyna görä, Tatarystan ýaş işçileriň ýetmezçiligini başdan geçirýär. Bu 1990-njy ýyllarda çaga dogurmak derejesiniň peselmegi, häzirki ýaşlaryň işlemegiň deregine bilim almagy makul bilmegi bilen düşündirilýär.

XS
SM
MD
LG