Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland, serhet çaknyşyklaryndan soň, Kamboja howa zarbasyny urdy


Taýland 8-nji dekabrda, serhet çaknyşyklaryndan soň, Kamboja howa zarbalaryny urdy.

Iki tarap hem birek-biregi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň araçylyk etmeginde baglaşylan ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda aýyplady.

Taýlandyň howa güýçleri Kambojanyň agyr ýaraglary mobilizasiýa edendigini, söweş bölümlerini gaýtadan ýerleşdirendigini we goldaw güýçlerini taýýarlandygyny, munuň iki ýurduň arasyndaky harby hereketleriň ýitileşmegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

"Bu wakalar bizi Kambojanyň harby mümkinçiliklerini saklamak we gowşatmak üçin howa güýçlerimizi ulanmaga iterdi" diýip, "Roýters" harbylaryň sözlerine salgylanyp ýazýar.

Çaknyşyklaryň dowamynda azyndan bir taýland esgeri öldi, ýene sekiz esger ýaralandy.

Kambojanyň Goranmak ministrligi Taýland güýçleriniň birnäçe günläp dowam eden prowokasion hereketlerinden soň, ir säherde iki ýerde öz goşunlaryna hüjüm edendigini aýtdy. Goranmak ministrligi Kamboja goşunlarynyň bu hüjüme gaýtawul bermändigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG