Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze okuw ýylynda mekdep okuwçylary we studentler diňe mugallymyň rugsady bilen telefon ulanyp bilerler

Okuwçylar mekdep howlusynda. Türkmenistan (arhiw suraty).
Okuwçylar mekdep howlusynda. Türkmenistan (arhiw suraty).

Türkmenistanda okuwçylaryň we studentleriň mobil telefonlaryny ulanmak tertibi resmi taýdan düzgünleşdirildi. Sentýabrda täze okuw ýylyndan başlap durmuşa geçiriljek täze düzgünler barada türkmen mediasynda habar berildi, bu maglumat döwlet edaralarynyň resmi websaýtlarynda hem çap boldy.

Orta mekdeplere we ýokary okuw jaýlaryna degişli täze düzgüne görä, okuwçylaryň we studentleriň sapak wagtynda şahsy ykjam tehniki serişdelerini diňe okuw maksatlary üçin, mugallymlaryň rugsady bilen ulanyp biler. Şahsy ykjam tehniki serişdelerine aragatnaşyk, internet, foto, wideo we ses ýazgy funksiýalary bolan ähli enjamlar girýär diýip, "Jeýhun.news" hökümetçi neşir 10-njy iýunda ýazdy.

Maglumata görä, bu agzalan serişdeler - mobil telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar we smart sagatlar.

Resmi maglumatlarda täze tertibiň okuw wagtynda okuwçylaryň ünsüniň bölünmeginiň öňüni almak we bilim prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar.

"Şeýle çemeleşme sapakda artykmaç güýmenjeleriň öňüni alyp, okuwçylaryň ünsüni saklamaga we dersleri has çuňňur özleşdirmäge ýardam berer" diýlip, Bilim ministrliginiň Innowasiýa Maglumat merkeziniň Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portalynda ýerleşdirilen wideo maglumatda aýdylýar.

Bu düzgüne degişli resminama 2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Adalat ministrliginde döwlet belligine alnypdyr.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar, şol sanda bilim işgäri, studentler we mekdep okuwçylarynyň ene-atalary mekdeplerde we ÝOJ-larda okuw wagtynda aragatnaşyk serişdelerini ulanmagyna degişli düzgünleriň girizilmegini bir tarapdan telefonlaryň bilim edaralarynda doly gadagan edilmän, olaryň ulanylyşynyň gözegçilik astyna alynmagy boýunça ädim hökmünde kabul edýändigini aýtdylar, başga bir tarapdan täze düzgünleriň täsiriniň täze okuw ýylynyň başynda duýuljakdygyny bellediler.

“Häzir bu düzgüniň nähili işlejekdigini çak etmek kyn. Sebäbi sapaklaryň köpüsi tamamlandy. Sentýabrda okuw başlananda telefonlary nähili barlajakdyklary, mugallymlaryň muňa nähili çemeleşjekdigi belli bolar” diýip, student aýtdy.

Aragatnaşyk serişdesine zerurlyk bar

Soňky ýyllarda mobil telefonlar okuwçylaryň we talyplaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Käbir ýaşlar telefonlary diňe aragatnaşyk ýa-da sosial ulgamlar üçin däl, eýsem okuw maksatly hem ulanýandygyny aýdýarlar.

“Biz köp ýagdaýda kitaplary PDF görnüşinde okaýarys, terjime edýäris, maglumat gözleýäris. Käbir mugallymlar özleri hem goşmaça maglumat tapmagy tabşyrýarlar. Telefon diňe oýun ýa-da TikTok däl” diýip, ýokary okuw jaýynda okaýan ýene bir student aýtdy.

Şol bir wagtda bilim işgärleriniň käbiri sapak wagtynda telefonlaryň gözegçiliksiz ulanylmagynyň okuw prosesine päsgel berýändigini belleýärler.

“Telefon okuwçylaryň elinde bolsa, olaryň käbiri sapaga däl-de, başga zatlara üns berýärler. Emma zerur ýagdaýda mugallymyň rugsady bilen ulanmaga mümkinçiligiň berilmegi has dogry çözgüt bolup biler” diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen bilim işgäri aýtdy.

Emma täze düzgünleriň ýerine ýetirilişinde adam faktory möhüm rol oýnar diýip, pikir edýänler hem bar. Käbir studentler öz tejribelerine salgylanyp, mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýynda işgärleriň bu düzgünlere başgaça düşünmeginden howatyr edýärler.

“Düzgünde mugallymyň rugsady bilen bolýar diýilýär. Ýöne bir mugallym rugsat berer, beýlekisi düýbünden gadagan eder. Esasy zat onuň nähili ýerine ýetirilmegine bagly bolar” diýip, student aýdýar.

Käbir ene-atalar telefonlaryň häzirki wagtda çagalar bilen aragatnaşyk saklamak we olaryň howpsuzlygyny bilmek üçin möhüm serişdedigini belleýärler we olaryň ulanylmagyna resmi çäklendirmeleriň girizilmegine alada bildirýärler.

Çäklendirmeler resmi däl görnüşde bolupdy

Türkmenistanda ilatyň aragatnaşyk serişdelerini ulanmagyna degişli resmi däl görnüşde çäklendirmeleriň ençemesi amala aşyrylýar. Orta mekdeplerde we ÝOJ-da bilim alýanlaryň mobil telefonlary ulanmagy käte gadagan edilýär, käte ellerinden alnyp, barlanýar.

Beýle çäklendirmeler diňe ýaşlara degişli bolman, eýsem býujet edaralarynyň işgärlerine hem degişli bolýar. Ozalky ýyllarda mugallymlaryň we lukmanlaryň iş ýerinde mobil telefonlaryny ulanmagyna gadagançylyk girizilmegine, şahsy aragatnaşyk serişdesiniň barlanmagyna degişli ýagdaýlaryň ençemesi bolupdy.

Häkimiýet wekilleri wagtal-wagtal ýüze çykýan şeýle çäklendirmeler barada teswir bermedi we onuň sebäbini düşündirmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG