Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýyl baýramyny bellemelimi, ýa-da bellemeli dälmi?


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany türkmenleriň täze ýyl däplerinden söhbet açýar.

Türkmenistanda geçen hepdede Täze ýyl baýramy bellenilip geçildi. Azatlygyň habarçylary ilatyň Täze ýyly berk gözegçilik astynda, öçügsi belländigini habar berdiler.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda sebit merkezlerinde Täze ýyl arçalarynyň gurnalmagy bilen bagly gözegçilik çäreleri güýçlendi. Şeýle-de, mekdep okuwçylarynyň arasynda ýasama pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy jisimleriň ulanylmagyna garşy wagyz-nesihat işleri güýçlendi.

Täze ýyl bilen bagly wagyz-nesihatlar bu ýyl hem metjitlerde dowam etdirildi. Dekabryň ortalarynda Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynyň metjitlerinde ymamlaryň Täze ýylyň bellenilmegine garşy wagyz berendiklerini habar berdiler. Mekdeplerde Täze ýyl oturylyşyklary çäklendirildi.

Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri Berdimuhamedowlar maşgalasynyň agzalarynyň 2024-nji ýyly garşy alyşlaryny görkezdi.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany türkmenleriň Täze ýyl däplerinden söhbet açýar.

DT: Täze ýyl baýramyny bellemelimi, ýa-da bellemeli dälmi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG