Türkmenistanda mekdep okuwçylaryna jynsy gatnaşykdan saklanmak barada wagyz-nesihat bermek boýunça çäreler ýene-de geçirilýär. Azatlygyň çeşmeleri şeýle sapaklaryň şu günler Tejeniň orta mekdeplerinde geçirilişi barada habar berdiler.
Sebitiň orta mekdeplerinde gurnalan "ahlak" ýygnaklarynyň biri 11-nji orta mekdepde geçirilipdir. Oňa okuwçy gyzlar çagyrylypdyr. Alyp baryjylar güýç edaralaryň işgärleri, häkimiýet wekili we ýaşululary öz içine alýan jemgyýetçilik agzalarynyň topary.
"Mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlaryny dabara geçirilýän uly zalynda ýygnadylar. Iki sany il ýaşulusy, iki aýal maşgala we bir raýat geýimli erkek adam, bir harby geýimli ofiser bolup, gyzlara ilki bilen 'söýüşmek we hojalygyňyzy terk edip gaçyp gitmek aýyp' diýip wagyz etdiler we bu "türkmençilige sygmajak zat" diýip yglan etdiler" diýip, bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme aýtdy.
Çeşme okuwçy gyzlar üçin geçirilen bu ýygnakda ýerli gyzlaryň golaýdaky harby bölümlerde gulluk edýän esgerler bilen jynsy gatnaşyga girmegi, gaçyp gitmegi, hatda janyna kast etmegi ýaly ýaglar barada gürrüň berlendigini aýtdy.
"Ynha 1-nji orta mekdebiň gyzlary harby bölümlerde gulluk edýän esgerler bilen söýşüp, soň olar harby gullugy tamamlap öýüne gidenlerinde 'gyzlar gaçaly, aramyzda çyn söýgi bar' diýen sözlerine ynanyp, ata-enesiniň ýüzini garalap, gaçyp gitdiler' diýip gürrüň berildi" diýip, çeşme ýygnakda aýdylanlary beýan etdi.
Onuň sözlerine görä, ýygnakda çykyş edenler gyzlary seresap bolmaga ündäp, käbir pajygaly ýagdaýlaryň hem bolandygyny aýdypdyr.
"Käte harby gullugy tamamlap, öýüne gidýän esgerler, sizden habar hem almaýarlar. Olaryň şeýdip gidendigi üçin gyzlaryň arasynda öz janyna kast etmekçi bolýanlar hem bar, ana hassahanalara barsaňyz bilersiňiz" diýip, çeşme çykyş edenleriň birini sitirläp, gürrüň berdi.
Azatly Radiosy agzalan ýagdaýlar barada 1-nji we 11-nji mekdepleriň wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Ahal welaýatynda ýerleşýän Tejen etrabynyň bilim resmileri we etrap häkimligi bilen habarlaşmak üçin eden synanyşygymyz hem oňyn netije bermedi.
Sebitiň bilim edaralarynda işleýän çeşmeleriň Azatlyga anonimlik şertinde aýtmagyna görä, okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly ýagdaýlar hem köp duş gelýär we şeýle hadysalar hem ýygnak geçirilmegine sebäp bolýar. "Okuwçy gyzlaryň arasynda öz synpdaşlary bilen jynsy gatnaşyk saklaýanlaryň bardygyny bilýäris" diýip, çeşmeleriň biri belledi.
Çeşmeleriň sebitde bolan ýagdaýlar barada beren gürrüňlerine görä, öýünden gaçyp giden gyzlaryň arasynda baran maşgalasynda kabul edilmän, öýlerine hem dolanyp bilmän agyr ýagdaýa düşýänler bar. Okuwyny tamamlamadyk we kämillik ýaşyna ýetmedik şeýle ýaşlar öýsüz we goragsyz galýarlar, olaryň arasynda ten söwdasyna baş goýanlar hem bolýar.
Mekdeplerde okuwçylar üçin geçirilýän şeýle ýygnaklary ýaşlaryň özleri "peýdasyz" we "hökümetiň propagandasy" diýip, atlandyrýarlar.
"Ýygnaklara gatnaşýan il ýaşululary mundan öň hem mekdebe gelipdi, emma öňki gezek olar bag-agaç ekmek barada wagyz edip, goşant goşmaga çagyrypdy" diýip, ahally okuwçy aýtdy.
Mekdep okuwçylarynyň ahlak terbiýesine degişli ýygnaklar ýygy-ýygyndan geçirilýär, emma olarda esasan ýaşlaryň jynsy gatnaşykdan saklanmagy talap edilýär, emma jynsy gatnaşyga degişli bilim we maglumat bermek ýaly zerur çäreler göz öňünde tutulmaýar.
Wagyz işlerinde esasy üns gyzlara gönükdirilýär. Okuwçy gyzlar ginekologiýa barlagyndan geçmäge mejbur edilýär.
Şeýle çäreler häkimiýetleriň bu meselä üns berýändigini gytaklaýyn görkezýär, emma bu agzalan problemalar media maglumatlarynda we resmileriň çykyşlarynda gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum